Beýik Britaniýada Çeper edebiýat boýunça zenanlaryň baýragynyň şu ýylky ýeňijisi belli boldy. Emin agzalary amerikaly ýazyjy we şahyr Barbara Kingsolweriň “Demon Kopperhead” romanyna ýokary baha berdiler. Maý aýynda bu göwrümli eser Pulitser baýragyna dalaşgär hem bolupdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Çeper edebiýat boýunça zenanlaryň baýragy Beýik Britaniýada 1996-njy ýyldan bäri berilýär. Bu baýrak iňlis dilindäki edebiýatda iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Baýrak islendik milletden bolan zenanyň iňlis dilinde ýazan romanyna berilýär.
Barbara Kingsolweriň “Demon Copperhead” romany iňlis ýazyjysy Çarlz Dikkensiň “Dewid Kopperfild” romanynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşidir. Eseriň baş gahrymany Demon Copperhead, Wirjiniýanyň günortasyndaky Appalaçi daglarynda önüp ösýär. Bu ýerde garyplyk edil aýak astynda ösýän otlar ýaly tebigy ýagdaý. Eýsem, Demonyň gursagyndaky arzuwy, özüne howpsuz hem-de söýgüden doly ýaly görünýän dünýäniň şol künjüne äkidermikä?
Barbara Kingsolwer eýýäm dört gezek Çeper edebiýat boýunça zenanlaryň baýragy üçin gysga sanawa girizildi. 1999-njy ýylda ol “Injildäki zakgum agajy” (The Poison Bible), 2013-nji ýylda bolsa “Uçuş gylygy” (Flight Behavior) ýaly romanlary üçin gysga sanawa girizilipdi. 2010-njy ýylda ýazyjy zenan “Lakuna” atly eseri bilen ýeňiji boldy.