Norwegiýanyň hökümeti uly we orta ululykdaky kompaniýalaryň dolandyryjylar geňeşiniň agzalarynyň azyndan 40 göteriminiň zenanlardan düzülmelidigi barada kanun teklibini taýýarlady. Bu kanunuň güýje girizilmegi bilen iş ýerlerinde gender deňliginiň gazanylmagy, zenanlaryň zähmet ýolundaky päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Kanunyň geljek bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, geljek ýyl 8 müň edara-kärhana, 2028-nji ýyla çenli 30-dan köp işgäri bolan 20 müň kompaniýa ýolbaşçy düzümindäki zenanlaryň sanyny artdyrmaly bolar.