“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gadymy türkmen milli tansy bolan küştdepdiniň we onuň gazallarynyň “Asyrlaryň ruhy joşguny” ady bilen guralan festiwaly geçirildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde geçirilýän döredijilik çäresini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Balkan welaýatynyň häkimligi bilelikde gurady. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän ajaýyp amfiteatrda geçirilen döredijilik bäsleşigine şu ýylyň fewral-mart aýlarynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilen küştdepdi tansynyň we gazallarynyň deslapky bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Halk döredijiliginiň köpöwüşginli we milli medeniýetimiziň döwrebap ýörelgelerini özünde jemleýän döredijilik bäsleşigine iň gowular gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň döredijilik ýörelgeleriniň gadymy tans dessurlaryna aýratyn hormat goýýan folklor we tans toparlary bar. Ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklaryň nyşanyna öwrülen küştdepdi türkmen sungatyny giňden äşgär edýär.
Milletimiziň taryhy-medeni hem-de ruhy däplerini aýdyň beýan edýän gadymy hem-de özboluşly türkmen tansy bolan küştdepdi pederlerimiziň asylly ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik ruhuny sazlaşdyrmagyň oňyn nusgasydyr. Arheologik tapyndylar we gadymy ýazuw ýadygärlikleri bu tansyň taryhyndan habar berýär. Gadymy Nusaýyň antik döwrüne degişli ritonlarda joşgunly küştdepdiniň käbir alamatlary şekillendirilipdir. Küştdepdiniň özboluşly horeografik dili, kämil hereketleri hem-de çeýe şahyranalyk onuň gazallary bilen utgaşyp, pederlerimiziň durmuşy barada giňden gürrüň berýär. Çünki dessur tanslary adamzadyň ömrüniň dowamynda oňa hemra bolup, ruhy hem-de beden gözelliginiň bir bitewüligini özünde jemleýär.
Halk döredijiliginiň milli öwüşginli nusgasy bolan küştdepdiniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özboluşly dessanlarymyzyň, ajaýyp halylarymyzyň, joşgunly tanslarymyzyň, mysal üçin, küştdepdiniň maddy däl medeni gymmatlyk hökmünde bu sanawa girizilmegi maksadalaýyk bolar. Küştdepdini milli mirasymyz hökmünde saklamak we wagyz etmek, türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny ösdürmek häzirki hem-de geljekki nesilleriň mukaddes borjudyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen festiwal hut şu maksada eýerýär.
Bu ýerde guralan konsertiň ahyrynda festiwala gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýörite diplomlar, we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, onuň daşary syýasat ýörelgeleriniň belent abraýa eýe bolmagy, milli medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde ägirt uly üstünlik arzuw etdiler.
(TDH-niň materiallary esasynda taýýarlandy).