Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy (UNEP) dün­ýä um­man­la­ry­nyň üç­den iki bö­le­gin­den gow­ra­gyn­da bio­dür­lü­li­giň go­ral­ma­gy we dur­nuk­ly ula­nyl­ma­gy bi­len bag­ly ta­ry­hy yla­la­şy­gyň ka­bul edi­len­di­gi­ni mä­lim et­di. BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan ber­len be­ýa­nat­da go­ral­ma­ga de­giş­li ýer­le­riň mil­li yg­ty­ýar­lyk­la­ryň çä­gi­niň da­şyn­da­dy­gy bel­le­nil­di. De­giş­li yla­la­şyk bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin 2017-nji ýyl­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da dö­re­di­len we il­kin­ji ýyg­na­gy 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len Hö­kü­me­ta­ra Mas­la­ha­tyň 5-nji ýyg­na­gyn­dan soň­ra yla­la­şy­gyň ka­bul edi­len­di­gi aý­dyl­dy.
Yla­la­şyk­da 4 esa­sy me­se­le bo­lup, ýurt­la­ryň mil­li yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň da­şyn­da­ky de­ňiz­ler­dä­ki peý­da­la­ryň ada­lat­ly paý­la­şyl­ma­gy, teh­no­lo­gi­ýa­nyň trans­fe­ri, de­ňiz bio­dür­lü­li­gi­niň jo­gap­kär­li peý­da­lan­ma­gy ýa­ly me­se­le­ler bar.
Yla­la­şy­gyň şu ýy­lyň 20-nji sent­ýab­ryn­dan baş­lap, iki ýy­lyň do­wa­myn­da BMG-niň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­tit­ra­syn­da go­la açyk ýag­daý­da dur­jak­dy­gy hem-de 60 ýur­duň gol çek­me­gi bi­len güý­je gi­ri­zil­jek­di­gi mä­lim edil­di.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş dün­ýä döw­let­le­ri­ni yla­la­şy­gyň güý­je gir­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin elin­den ge­le­ni­ni et­mä­ge we müm­kin bo­lan iň gys­ga wagt­da yla­la­şy­gy tas­syk­la­ma­ga ça­gyr­dy.