Fran­si­ýa bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp bar­ýan ýur­dy bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýur­duň paý­tag­ty Pa­riž hem iň köp myh­man­ly şä­her ha­sap­lan­ýar. Em­ma sy­ýa­hat­çy­la­ryň köp bö­le­gi bel­li ýer­le­re has köp bar­ýar. Fran­si­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy­la­ryň 80 gö­te­ri­mi ýur­duň 20 gö­te­rim­lik ýe­ri­ne bar­ýar. Mi­nistr­lik ýur­duň o di­ýen meş­hur bol­ma­dyk ýer­le­ri­ne has köp sy­ýa­hat­çy­nyň bar­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­mek üçin tä­ze mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi sy­ýa­hat­çy­la­ryň has köp bar­ýan ýer­le­rin­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk aky­my­ny hem azalt­mak is­le­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Oli­wi­ýa Gre­goýr, esa­san, daş­ky gur­şa­wa, ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ne we myh­man­la­ryň go­wy wagt ge­çir­mek­le­ri­ne päs­gel ber­ýän möw­süm­le­ýin aky­myň has go­wy do­lan­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
“Covid-19” pan­de­mi­ýa­sy­nyň yz­da gal­ma­gy bi­len has köp sy­ýa­hat­çy­nyň ba­ryp baş­la­ma­gy bi­len ta­ry­hy, me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň bo­lan ýer­le­ri­ne bar­ýan­la­ryň sa­ny gör­ne­tin art­dy. Ýurt­da di­ňe ta­ry­hy-me­de­ni ýer­ler däl, eý­sem de­ňiz ke­nar­la­ry hem köp adam­ly. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Et­re­tat et­ra­byn­da “Netf­lix” ta­ra­pyn­dan “Lu­pin” at­ly se­ria­lyň bir bö­lü­mi­niň su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi ol ýe­re bar­ýan­la­ryň sa­ny­ny art­dy­ryp­dyr. Ba­ry-ýo­gy 1200 tö­we­re­gi ila­ty bo­lan ýe­re gün­de 10 mü­ňe go­laý myh­man bar­ýar. Köp ada­myň gel­me­gi de­ňiz ke­na­ryn­da­ky te­bi­gy ga­ýa­la­ra ze­per ýe­tir­ýär.
Go­laý­da Pa­ri­žiň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti bu ýyl 37 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­nyň ka­bul edil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. 2019-njy ýyl­da şä­he­re 38,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr.
Ýurt­da mun­dan ozal hem kä­bir ta­ry­hy we me­de­ni ýe­re­le­re bar­ýan myh­man­la­ryň sa­ny to­mus aý­la­ryn­da bel­li bir san bi­len çäk­len­di­ril­ýär­di. My­sal üçin, sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de Bre­hat ada­sy­na her gün­de 4 müň 700-den köp adam ka­bul edil­me­ýär.