Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy pähim-paýhasy, gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen halkymyzy şöhratlandyryp, dünýä tanadan beýik şahyrdyr. Dünýäniň ençeme syrlaryny welilik bilen öňünden bize mälim edip giden Magtymguly Pyragyny Gündogary öwreniji alym Ý.E.Bertels «Jemşidiň jamy» diýip atlandyrýar. Onuň her bir şygrynyň, her bir setiriniň aňyrsynda heniz açylmadyk syrlaryň beýik açyşlary bar. Magtymgulynyň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde ýaş nesil üçin genji-hazynadyr. Ol ýagşylyk-ýamanlyk, jan-ten, ýalançy-pany, düşünjelerine esaslanyp, ýagşylyk etmegiň ýol-ýőrelgesini öwredýär. Şahyr «Ogry bolsaň, diňlegil, bolgaý niçik halyň seniň» ýaly setirleri bilen ahlagy sagdynlaşdyryş serişdelerini işjeň ulanýar. Magtymgulynyň ahlak medeniýete düşünişiniň häsiýetli taraplarynyň biri, onda ençeme ahlak ugurlaryň ynanja utgaşmagydyr. Şoňa görä, onuň ahlak garaýyşlary dini, dünýewi, ahlak ýörelgeleri bilen goşulyşyp gidýär. Akyldar şahyryň adamkärçiligi şol döwrüň adamlarynyň aňyna giren ençeme edepsizlikleri inkär edipdir. Ol çilimkeşleri, nas atýanlary öz pişelerinden el çekmäge çagyrýar, şeýle ýaramaz endikleriň saglyga, hojalyga ýaramaz täsir edýändigini, ahyrky netijede abraý-mertebäňi pese düşürýändigini degerli mysallar bilen delillendirýär.
Şahyryň mertebesi, halkymyzyň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen Magtymguly Pyragyny öwreniş ylmy üçin örän oňaýly şertler döredildi, beýik şahyra, onuň mertebesine laýyk orun berildi. Magtymgulynyň kämil jemgyýet we ynsan baradaky gözlegleriniň, ruhy gözellik baradaky paýhasly pikirleriniň aýrylmaz çeşmesi bolan yslamy we mistiki-edebi akymy öwrenmäge giň ýol açyldy. Magtymguly Pyragynyň sarpasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Ýurdumyzda beýik akyldaryň ady dakylan etrap, teatr, muzeýdir köçeler hem bar. Magtymguly Pyragynyň mertligi, batyrlygy, watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol söýgini wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde geljekki ýurt eýeleri bolan ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň, türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň çäksizdigini görkezýär.
Magtymguly Pyragy türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşup, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitirýär. Ol şygyrlarynda ähli güýjüň, kuwwatyň, adyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini hemişe öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalşan şahyryň şygyrlary-da hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Il-halka bolan söýgüsini görer göze deňäp, «Yrak kylma, görer gözüň – iliňni!» diýýär. Magtymgulynyň gündelik durmuşdan daşda bolmadyk goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly we täsirlidir. Beýik şahyr ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär hem-de şygyrlarynda bu mesele boýunça halypa hökmünde çykyş edýär. Hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi, ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyňy «Köňül istän işler çykmaz, Nan ýagysy, kärsiz ärden» diýen setirlerinde beýan edýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetleriň ýaşkiçiniň borjy hasaplaýan şahyr, şol borjy berjaý etmeýänleri paýhasly we täsirli sözleri bilen berk ýazgarýar.
Magtymgulynyň watançylyk, mertlik, agzybirlik, myhmanparazlyk, zähmetsöýerlik ýaly durmuşyň dürli ugurlaryna degişli aýdan pikirleri halkymyzyň aýdyň, oňyn ýörelgelerine nurly güneş dek şugla saçýar. Şahyryň şygyrlary nakyllardyr atalar sözleri hökmünde terbiýe mekdebine ynsanlaryň dilleriniň senasyna öwrülipdir. Örän pähimli we ýiti pikirleri öz içine alýan şygyrlary beýik şahyry dünýä tanadyp, ol ähli halklaryň hem-de ähli döwürleriň şahyry hökmünde ykrar edilen beýik söz ussady derejesine çykarýar. Akyldar şahyryň şygyr setirlerine siňen ynsanperwer garaýyşlary XVIII-XIX asyrda diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklarynyň durmuşyna hem oňyn täsirini ýetiripdir. Şoňa baglylykda, türkmen nusgawy edebiýatynyň, umumy-türk nusgawy edebiýatynyň aýrylmaz bölegidigi ýüze çykarylýar. Çünki, türkmen milleti, türki halklaryň we türki dünýäsiniň iň gadymy wekilleriniň biri, hatda onuň köki hem gönezligidir diýsek-de öte geçdigimiz bolmaz. Hut şonuň üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, umumy-türk edebiýaty bilen birlikde, hatda bütin Gündogar edebiýatynyň çygrynda öwrenilýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigini beýik şahyryň döredijiliginde görmek bolýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda umumy-türk edebiýatynyň, ylaýta-da Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu-Biligi» (XI asyr), Ahmet Ýasawynyň «Hikmetleri» (XII asyr), Rabguzynyň «Kysasyl-Enbiýasy» (XIV asyr), şonuň ýaly-da Nesiminiň, Alyşir Nowaýynyň, Fizulynyň we başgalaryň täsirlerini görmek bolýar. Bulardan başga-da, şahyryň bütin arap we pars dillerinde ýazylan edebiýat bilen hem doly tanyşdygyna goşgularynyň üsti bilen göz ýetirmek bolýar.
Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, «Jame ul-many»,
Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň, tebigy zehiniň ajaýyp miwesi bolup, türkmen halkynyň akyl-paýhasynyň hakyky dabaralanmasy bolup bütün dünýä ýaýrady. Beýik şahyryň şygyrlarynyň ylmy-taglymy esas, okuw-usuly çeşme hem-de terbiýe mekdebi hökmünde gymmaty egsilmezdir. Bu gün akyldaryň goşgulary umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant hökmünde dünýäniň millionlarça adamlary tarapyndan ykrar edilýär. Ol şygyrlar dünýä halklary tarapyndan parahatçylygy, dostlugy, doganlygy, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi, ruhy gymmatlyklara gadyr goýmagy kalba ornaşdyrýan taglymat hökmünde kabul edilýär. Paýhasly sözler günsaýyn ösýän, kämillige tarap öňe barýan adamzat nesline özüniň öwrediji, özgerdiji, gözellige, ruhubelentlige çagyryjy çakylyk bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň adamzat pähimine ýugrulan şygyrlarynyň paýhas dünýäsine içgin aralaşdygyňça, ynsanyň bilim-terbiýe hazynasynyň ummasyzdygyna göz ýetirýärsiň.
Bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwriniň däl, eýsem, geljekki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak manyly goşgularyny türkmen halkyna miras goýup gitdi. Magtymguly döredijiliginde halkynyň egsilmez baýlygy we ata-babalarymyzyň mirasy bolan halk folkloryna esasy orny berýär. Hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli hem-de şeýle bir ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna we bütin durkuna ornaýar, hat-da şu günler hem Magtymgulynyň kitaby bolmadyk türkmen öýüni, Magtymgulynyň şygyrlaryna aýdym aýdylmadyk türkmen toýuny göz öňüne getimek mümkin däldir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy hiç kimiňkä meňzemeýän pikir-paýhaslary bilen dünýä dillerinde ýaň salýar.
Akyldar şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbynyň öçmejek owazy, kämillik mekdebi, durmuşda ýagty ýol görkezýän şamçyragdyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň azat, erkana döwletiniň boljakdygyna tüýs ýürekden ynanypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraply il-ýurt bähbitli işleri akyldaryň arzuwlan azat-erkana durmuşynyň rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwran Annanepesow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.