Hin­di um­ma­nyn­da, Hin­dis­tan­dan, tak­my­nan, 600 kilometr gü­nor­ta­da ýer­leş­ýän Mal­diw ada­la­ry ak çägesi, mawy deňzi, tropik howasy, on­lar­ça ka­şaň dynç alyş ýer­le­ri, şeýle hem deňiz derejesinden beýikde bolmadyk tekiz adalary bi­len ta­nal­ýar. 298 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan Mal­diw ada­la­ry Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň gu­ry ýer meý­da­ny bo­ýun­ça iň ki­çi ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Ada­nyň esa­sy di­li ýer­li mal­di­w di­li bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lar bi­len dü­şü­niş­mek üçin iň­lis di­li giň­den ula­nyl­ýar. Şri-Lankanyň 750 kilometr günortasynda 1200 töweregi adadan ybarat bolan ýurduň merkezi şäheri Male dünýäniň iň kiçi paýtagty bolup, gür ilatly şäherleriň biri­dir. Ada döw­le­ti­niň pul bir­li­gi mal­diw ru­fi­ýa­sy bo­lup, ba­zar­lar­da, esa­san, ter we ka­ka­dy­lan tro­pik mi­we­ler, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ga­by­gyn­dan ýa­sa­lan be­zeg şaý­la­ry we ba­lyk sa­tyl­ýar.
Ýurtda hemmesi diýen ýaly biri-birine meňzeş bolan adalaryň 281-sinde ilat ýaşaýar. Ada­la­ryň kena­ryndaky ak çäge­ler deňiz jandarlarynyň galyndylaryndan emele gelipdir. Şol sebäpli ak çä­ge­de aşa yssy howada hem aýakýalaňaç gezip bolýar. Aslynda bu adalara suwasty daglaryň deňziň ýüzüne çykan çür depesi diýmek hem bolýar. Adalaryň iň beýigi suwdan 2,5 metr ýokarda. Howanyň üýtgeýändigine (28-32 dereje aralygynda) garamazdan, adalaryň kenaryndaky deňiz suwy ýylyň dowamynda 24 dereje­de sak­lan­ýar. Ýurduň kenarlary suwasty jandarlara-da baý. Adalaryň kenarynda deňiz jandarlarynyň tas ählisi diýen ýaly ýaşaýar. Deňizde 700-den gowrak görnüşli balyk, leňňeç we suw guşlarynyňam birnäçesi bar. Şeýle hem adada ganatyny açanynda 1,5 metre ýetýän miwe ýarganaty ýaşaýar.
Ýerli halkyň aglabasy irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanýar. Adalaryň arasyndaky gatnawlar ýerli gatnawlary amala aşyrýan uçarlar, suwa gonýan kiçi howa gämileri we gaýyklar bilen amala aşyrylýar. Ýurduň Halkara howa menzili paýtagt bilen adybir adanyň golaýyndaky Hulhule adasynda ýerleşýär. Bu ýer­de ýerli gatnawlar we suw uçarlary üçin niýetlenen terminal bar. Käbir adada hiç hili awtoulag bolman, welosiped sürülýär. Şeýle hem ýerli ilat ýaşamaýan, diňe myhmanhana toplumy gurlan adalar hem bar. Futbol we badminton ýurtda iň meş­hur sport görnüşleridir.
Mal­diw ada­la­ry­na gämili ýa-da uçar­ly ba­ryp bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ada döw­le­tin­de de­ňiz­de ýüz­mek, gä­mi­li ýa-da uçar­ly ge­ze­lenç et­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak hem-de ke­nar­ýa­ka­lar­da gi­je­ki ge­ze­lenç­ler ýa­ly çä­re­ler hö­dür­len­ýär. Ada­da res­to­ran­la­ryň dür­li gör­nü­şi bo­lup, ýer­li Azi­ýa na­har­la­ry, Ýew­ro­pa ta­gam­la­ry, de­ňiz jan­dar­la­ryn­dan taý­ýar­la­nan iý­mit­ler, tro­pik mi­we­ler­den içim­lik­ler we iş­däa­çar­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Mal­diw ada­la­ry­na ba­ran sy­ýa­hat­çy­la­ra «Dört möw­süm» me­ýil­na­ma­sy hö­dür­len­ýär. Mal­diw ada­la­ry to­mus­da sy­ýa­hat edil­me­li iň aja­ýyp ýer­le­riň bi­ri­dir. Mal­diw ada­la­ry­na ýa­nyň bi­len öý jan­dar­la­ry­ny elt­mek ga­da­gan edil­ýär.