Ýewropa Bileleşigi bilen Çili batareýalaryň önümçiliginde esasy çig mal hasaplanýan litiniň öndürilmegi üçin hyzmatdaşlyk eder. Bu hyzmatdaşlyk litiniň kämilleşdirilmäge we üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder. Ýewropa ýurtlary energiýa saklamakda esasy çig mal hasaplanýan litiý babatda daşary ýurtlara garaşly bolmagynda galýar. Ylalaşygyň çäklerinde Çilide goşmaça gymmaty bolan litiý taslamalary durmuşa geçiriler. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bu barada metbugata beren beýanatynda Çili bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýakyn geljekde ylalaşyga gol çekiljekdigini mälim etdi. Ursula fon der Lýaýen iki tarapyň litini işläp taýýarlamak, şeýle hem üpjünçilik zynjyryny güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşandyklaryny aýtdy.
Çili dünýäniň iň iri litiý öndüriji ýurtlarynyň biridir. Şu ýylyň aprel aýynda ýurt bu ugurda gaýtadan dünýäniň iň uly öndürijisi bolmak üçin döwlet edaralary bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin maksatnamanyň taýýarlanandygyny mälim edipdi.
Ýazmyrat Gurbanmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.