Dün­ýä­niň 5G be­ket­le­ri­niň sa­ny­nyň 2,73 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. BU ba­ra­da iýul­da ge­çi­ril­jek Glo­bal San­ly yk­dy­sa­dy­ýet mas­la­ha­ty ba­ra­da ber­len mas­la­hat­da ha­bar be­ril­di. ýurt­da 634 mil­liard abu­na­çy­nyň te­le­fo­ny­nyň 5G aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da öň­de­li­gi eýe­leb­ýän bol­sa­lar, bu ýurt 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň to­ry ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ba­ra­da ber­len mag­lu­mat­da se­na­gat mak­sat­ly in­ter­ne­tiň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de äh­mi­ýet­li ha­sap­lan­ýan 45 pu­dak­da ula­nyl­ýan­dy­gy we mu­nuň pul do­la­ny­şy­gy­nyň 1,2 tril­li­on ýua­na (166,9 mil­liard dol­lar) ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Ýurt­da prog­ram­ma üp­jün­çi­lik pu­da­gy­nyň do­la­ny­şy­gy­nyň 10,8 tril­li­on ýua­na ýe­tip­dir.

Häzirki wagtda internet aragatnaşygynyň soňky nesli bolan 5G diňe adamlaryň internetden peýdalanmagy üçin däl, eýsem senagatda we beýleki ugurda hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ara­gat­na­şyk soň­ky nes­li ykdysadyýetiň ös­me­gi­ne hem hem gö­nü­den-gö­ni go­şant goş­ýar. Hy­taý­da ýylyň dowamynda 600 müň 5G bekediniň gurulma­gy we bu beketleriň sanynyň ýylyň ahyryna çenli 2,9 milliona ýetirilmegi maksat edinilýär. Soňky ýyllarda Hytaý 5G tehnologiýasyny we infrastrukturasyny kämilleşdirýär. 2025-nji ýyla çenli şäherleriň ählisini we obalaryň köp sanlysy 5G infrastrukturasy bilen üpjün ediler.

Mag­tym­gu­ly Mag­ty­mow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.