Hytaýda elektrik önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýy gazylyp alynýan ýangyç çeşmelerinden öňe geçip, 51 göterime ýetdi. Şeýlelikde, soňky ýyllarda bu pudaga uly maýa goýum goýan ýurt 2025-nji ýyl üçin goýan maksadyny eýýäm ýetdi. Ýurtda ýel we Gün ýaly arassa çeşmelerden üpjün edilýän energiýa çeşmeleri ýurduň umumy önümçilik kuwwatynyň 50,9 göterimine ýetipdir. 2021-nji ýylda ýurduň hökümeti 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýanyň möçberiniň adaty energiýa çeşmelerinden öňe geçirilmegi babatda maksatnama taýýarlapdy. Şeýlelikde, durmuşa geçirilen taslamalar bu maksada wagtyndan iki ýyl ir ýetmäge mümkinçilik berdi.
Hytaý soňky ýyllarda arassa energiýa çeşmeleriniň önümçiligi artdyrýar. Ýurduň beýik dag gerişleri hem-de deňiz kenarlary köp mukdarda ýel beketlerini gurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurt bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýany hem işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda ýurduň günorta-gündogarynda kenardan birnäçe metr uzaklykda äpet uly Ýel turbina fermasynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu desganyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 43,3 gigawat (GW) bolup, bu görkeziji Norwegiýada sarp edilýän energiýa barabardyr. Yzygiderli ýel öwüsýän taiwan bogazynda guruljak desga 10 kilometrlik meýdany eýelär. Geçirilen barlaglarda bu ýerde guruljak ýel turbinalarynyň günde ortaça 12 sagat hereket etjekdigi anyklandy. Hytaý gün panelleriniň önümçiliginde hem öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar.
Mähri Seýtiýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.