22-23-nji iýunda Parižiň taryhy Bronýar köşgünde täze global maliýe şertnamasy boýunça iki günlük sammit geçirildi. Howany goramak we garyplyga garşy göreş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guralan forumyň işine 100 töweregi ýurduň, ösüş banklarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň başlangyjy bilen geçirilen bu sammit Bütindünýä bankynyň, Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), döwlet we hususy gaznalaryň gatnaşmagynda has berk maliýe ulgamyny döretmek boýunça geňeşmelere bagyşlandy. Sammite gatnaşyjylar senagat taýdan ösen ýurtlar bilen, esasan hem, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerinden zyýan çekýän global Günorta Günorta (Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy) ýurtlarynyň arasyndaky barha artýan boşlugy aradan aýyrmak maksady bilen zerur teklipleri orta atdylar.

Döwlet we hökümet Baştutanlary, öz çykyşlarynda, şol sanda, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak dünýäniň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda ygrarlydyklaryny aýtdylar. Şeýle hem halkara maliýe guramalarynda çynlakaý özgertmeleri geçirmegiň, maliýe ulgamyny häzirki zaman dünýäsine uýgunlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

“Fransiýa 24” teleýaýlymynyň belleýşi ýaly “häzirki wagtda dünýäniň ösýän ýurtlarynyň maýa goýum zerurlyklary barha artyp, ykdysady ösüş, howanyň üýtgemegine garşy göreş we biodürlüligi goramak üçin 2030-njy ýyla çenli 2 trillion dollar möçberinde maliýe serişdelerini talap edýär.