Germaniýa işçi güýjüniň ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin ökde hünärmenleri ýurda çagyrmagy maksat edinýär. Bundestag (parlament) Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlaryň raýatlarynyň Germaniýa göçüp gelmegi üçin täze ýollary açyp, 2020-nji ýyldaky migrasiýa kanunyna üýtgetmeler girizdi.
Kanun arza berijiniň hünär tejribesini we Kanada ýaly ýurtlarda eýýäm ulanylýan ulgamlara meňzeş dürli ýagdaýlary göz öňünde tutýan ulgamy ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Düzedişleriň birine görä, 2023-nji ýylyň 29-njy martyna çenli ýurda gelenler hem işçi migranty hökmünde statusyny üýtgedip biler. Eger-de ýokary hünärli işgärler öz garyndaşlaryna maddy taýdan goldaw berip bilseler, olara Germaniýa öz ýakynlaryny getirmäge rugsat berler.
Bilermenleriň pikiriçe, ýurtda her ýylda, takmynan, 400 müň ökde migrant gerek. Zähmet boýunça milli gullugynyň habaryna görä, geçen ýyl, takmynan, 1200 hünärden 200-sinde zähmet ýetmezçiligi ýüze çykypdyr.