Peru döwletiniň paýtagty Limada ýerleşýän “Central” restorany dünýäde iň gowy restoran diýlip ykrar edildi. “2023-nji ýylyň iň oňat 50 restorany” (The World s 50 Best Restaurants) baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ispaniýanyň Walensiýada şäherinde mälim edildi.
Şu ýyl peruly baş-aşpezler Wirhilio Martines bilen Pii Leonyň restorany geçen 2022-nji ýylda iň gowy restoran diýlip ykrar edilen Kopengageniň “Geranium” resrotanyndan öňe saýlandy. “Central”-yň web sahypasyndaky maglumatlara görä, Perunyň ýerli aşhanasynda ýerli önümler we aşpezlik goşundylary ulanylýar. Ozal bu restoran Latyn Amerika sebitinde iň gowusy hökmünde bäş gezek ykrar edilipdi we onuň birbada 11 wekili şu ýylyň iň gowy 50 restoranynyň sanawyna girizildi. Aziýadan ilkinji 50-lige 7 restoran görkezilýär.
Dünýäniň müňden gowrak restoran hojaýynlary we restoran bilermenleri 2023-nji ýylyň iň gowy restoranyna ses bermäge gatnaşdy. Öňki ýyllaryň ýeňiji restoranlary bu baýraga dalaşgär görkezilmedi.