Wena ýaşaýyş derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri diýen ady saklap, “Economist Economist Intelligence Unit” (EIU) britan žurnalynyň seljeriş bölüminiň sanawynda ýene-de öňdäki orny eýeledi. “Global Liveability Index 2023”-iň hasabaty EIU tarapyndan tanyşdyryldy.

Awstriýanyň paýtagty 172 şäheriň sanawynda Kopengagenden (2-nji ýer), Melburndan we Sidneýden öňde durýar. Hünärmenler dünýäniň şäherlerindäki ýaşaýyşyň derejesine ösüşiň durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura ýaly birnäçe görkezijiler esasynda baha berdiler we deňeşdirdiler.

Awstraliýanyň 3-nji we 4-nji orunlary eýelän iň uly şäherleri geçen ýyl ýitiren orunlaryny yzyna gaýtaryp aldylar (degişlilikde, 10-njy we 13-nji orun). Şu ýyl ilkinji bäşlige girenleriň arasynda Wankuwer bar. Geçen ýyl EIU-nyň sanawynda 34-nji orny eýelän Oklend şäheri, Sýurihi we Ženewany (6-njy we 7-nji), şeýle hem Kalgarini we Torontony (7-nji we 9-njy) öňe goýberip, Osaka bilen 10-njy orny paýlaşdy. EIU-niň sanawyny Alžir, Tripoli we Damask jemleýär.

Ondan öň Wena birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna ýaşamak üçin iň amatly şäher diýen ada eýe bolupdy, ýöne 2021-nji ýylda ol bu ornuny Oklende berdi we 2022-nji ýylda birinji ornuny yzyna gaýtaryp aldy.