Dolandyryjy konserwatiw partiýanyň başlygy, Premýer-ministr Kyriakos Misotakisiň ýolbaşçylygyndaky merkezi sagçy “Täze demokratiýa” partiýasy, Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda 40,56% ses bilen ynamly ýeňiş gazandy. Bu barada parlament saýlawlaryny gurnaýan Gresiýanyň Içeri işler ministrligi habar berdi. Bu ýeňiş “Täze Demokratiýa” üçin 300 orunlyk bir palataly parlamentde 158 orun almaga, oňa gözegçilik etmäge we özbaşdak hökümet gurmaga mümkinçilik berýär.
Misotakis öz partiýasynyň gazanan ýeňşi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, olaryň uly özgerişlikleriň ýoly bilen has öňe gitmäge mümkinçilik döredendiklerini belledi.
Kyriakos Misotakis 26-njy iýunda ýurduň täze Premýer-ministri hökmünde Prezident köşgünde kasam kabul etdi. Saýlanan deputatlar 3-nji iýulda kasam kabul eder, 4-nji iýulda bolsa, parlamentiň başlygyny, başlygyň orunbasarlaryny we sekretariatyň agzalaryny saýlamak maksady bilen parlamentiň umumy mejlisi geçiriler. Afiny- Makedoniýa habar gullugynyň habaryna görä, ýakyn günlerde hökümet öz maksatnamasyny mälim eder.
“Täze Demokratiýanyň” esasy bäsdeşi, Gresiýanyň öňki Premýer-ministri Aleksis Siprasyň ýolbaşçylygyndaky SYPIZA partiýasy 17,8% (48 orun) ses aly.
PASOK partiýasy bary-ýogy 12% (32) ses aldy.
Gresiýanyň parlamentinde kommunistler hem bolup, olar saýlawçylaryň 7,6% (20 orun) sesine eýe boldy.
“Spartalylar” partiýasy 4,7%-e (12 orun) eýe boldy. Beýleki partiýalar 3 göterim çäkden geçip bilmediler.
SYRIZA partiýasynyň lideri Aleksis Sipras çepçi güýçleriň asgyn gelendigini boýun alyp, parlamente giren sag we aşa sagçy partiýalara garşy durjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, SIRIZA partiýasy öňümizdäki bir ýyla golaý wagtyň içinde Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara çynlakaý taýýarlyk görmeli hem-de özgerdilmeli.