30-njy iýunda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy geçirildi.
Baýramçylyk forumyna Arkadag şäheriň açylyş dabarasynda bolan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary bar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstünligiň nyşanydygyny we “asyryň şäheri” diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny belledi. Şu günler TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze sahypany açmak, guramanyň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürip, XXI asyrda yz galdyrmak babatda biziň üstümize taryhy jogapkärçilik ýüklenýär diýip, Sultan Raýew aýtdy.
Çykyş edenler döwür bilen deň gadam urmak üçin hökmany şertler barada aýdyp, ekologiýa, durmuş we ykdysady durnuklylygyň wajypdygyna üns berdiler. Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilmegi şäherde alnyp barylýan işleriň ählisiniň halkara ykrarnama eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, uly geljegi bolan täsin şäher ekologik nukdaýnazardan ilatyň saglygy we onuň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. “Akylly” şäher konsepsiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygyndaky “Sagdyn şäherler” atly ählumumy hereketiň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher taslamasy şäher medeniýeti babatda nusgalykdyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan şäheriň gurluşyk, binagärlik, bezeg, logistika, tehnologik çözgütlerine, durmuş derejesine ýokary baha berildi. Şol çözgütler şäheriň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşyk işleri amala aşyrylanda giňden ulanyldy. Duşuşykda çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeniýetini öwrenmäge, onuň maddy, ruhy mirasyny aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge ýardam edýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn ornuny nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Türki dünýäniň medeni paýtagty” derejesiniň indiki ýylda Änew şäherine geçýändigini belläp, türkmen döwleti hem-de onuň baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan halky barada ýakymly sözleri aýdyp, ähli derejelerde, şol sanda ýokary derejede emele gelen gatnaşyklaryň hakyky dostluk, ynanyşmak häsiýetine eýedigine aýratyn üns berdiler.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna 2024-nji ýyl “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy türkmen şäheri Änew bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geljek ýyl Änewde geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Hususan-da, ylmy maslahatlaryň, ýaşlaryň duşuşyklaryny we mediaforumlary, meşhur estrada, halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, fotosergileri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri boýunça gezelençleri we beýleki köp sanly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Änewde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda däp bolan döredijilik çäresi geçiriler.
Duşuşykda şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi baý türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.