Urug­waý­ly “Ti­ta­nik” gä­mi­si­niň ýo­lag­çy­sy Ra­mon Ar­ta­ga­weý­tia Go­me­siň öz maş­ga­la­sy­na ýa­zan iň soň­ky ha­ty “Mon­te­wi­deo” auk­sio­nyn­da sa­tyl­dy. Bu ba­ra­da “Zor­ril­la” auk­si­on öýü­niň we­ki­li ha­bar ber­di.
Gä­mi­niň ýo­lag­çy­sy ýa­zan ha­ty­ny gä­mi he­läk­çi­li­ge uç­ra­maz­dan bir­nä­çe gün öň maş­ga­la­sy­na ug­ra­dyp­dyr. Ha­tyň teks­ti üç sa­hy­pa­dan yba­rat. Go­mes bu ha­ty 12-nji ap­rel­de, Ir­lan­di­ýa­da “Ti­ta­nik” gä­mi­si­niň soň­ky du­ral­ga­syn­da, At­lan­tik um­ma­ny­na gir­mez­den öň poç­ta gu­tu­sy­na ok­lap­dyr. Bu hat urug­waý­ly­nyň 1909-njy ýyl­da dü­şü­ri­len su­ra­ty bi­len bir­lik­de auk­sio­na go­ýul­dy. Sa­tyn aly­jy hat üçin 12 müň dol­lar tö­le­di.
Şol dö­wür­de iň uly ýo­lag­çy gä­mi­si ha­sap­lan­ýan “Ti­ta­nik” 1912-nji ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de il­kin­ji sy­ýa­ha­tyn­da aýs­berg bi­len ça­ky­şyp, 2 sa­gat 40 mi­nut­dan soň gark bol­dy. Gä­mi­niň 1,5 müň tö­we­re­gi ýo­lag­çy­sy gark bo­lup, di­ňe 712-si­ne ha­las bol­mak ba­şart­dy.
Mun­dan öň “Ti­ta­nik” he­läk­çi­li­gin­de ha­las bo­lan ada­myň ha­ty Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky “Hen­ri Ald­rid­ge & Son Ltd.” auk­si­on­da 15 müň fun­ta (19 müň dol­lar) sa­tyl­dy.