Ge­çen ýyl Ýer­de meý­da­ny Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýa-da Ni­der­land­la­ryň­ka ba­ra­bar bo­lan tro­pik to­kaý­lyk­lar ýi­ti­rim bol­dy. Eme­li hem­ra ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­lar sel­je­ri­len­de, bu mö­hüm ekoul­gam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi oba ho­ja­ly­gy we mal­dar­çy­lyk üçin ýok edi­lip­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Wa­şing­ton­da­ky Bü­tin­dün­ýä äti­ýaç­lyk­lar ins­ti­tu­ty­nyň (WRI) hem­ra ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­la­ry su­but ed­ýär.
Ge­çen ýyl gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da her bäş se­kunt­dan meý­da­ny fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň ulu­ly­gy­na ba­ra­bar tro­pi­ki to­kaý­lyk­lar ke­si­lip­dir ýa-da ýa­nyp ýok bo­lup­dyr. Bu muk­dar 2021-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da, 10% köp­dür.
“Glo­bal Fo­rest Watch” (GFW) hem­ra gö­zeg­çi­lik plat­for­ma­sy 2022-nji ýyl­da pla­ne­ta­nyň bio­dür­lü­li­gi we ug­le­ro­dyň sak­lan­ma­gy üçin mö­hüm bo­lan 4,1 mil­li­on gek­tar­dan gow­rak tro­pik to­kaý­la­ryň weý­ran bo­lan­dy­gy­ny ha­sa­ba al­dy.
Iň köp zy­ýan çe­ken ýurt Bra­zi­li­ýa bo­lup, oňa äh­lu­mu­my ýit­gi­le­riň 43%-i düş­ýär, on­dan soň Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy (13%) we Bo­li­wi­ýa (9%) gel­ýär.