Do­kuz “Gram­my” baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan Ri­an­na 7 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri tä­ze al­bom çy­kar­man­dy. Şeý­le-de bol­sa, bar­ba­dos­ly aý­dym­çy­nyň “Spo­ti­fy” plat­for­ma­syn­da­ky 10 aý­dy­my je­mi bir mil­liard­dan gow­rak diň­le­ni­lip, re­kord goý­dy. Şeý­le­lik­de, Ri­an­na bu sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji ze­nan aý­dym­çy bol­dy. 35 ýaş­ly sun­gat us­sa­dy soň­ky ge­zek 2016-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da “An­ti” at­ly al­bo­my­ny diň­leý­ji­le­ri­ne hö­dür­läp­di. Ri­an­na bu re­kor­dy ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky ak­ka­un­dyn­da mä­lim et­di.
1988-nji ýyl­da Bar­ba­dos­da dün­ýä inen Ri­an­na hä­zi­re çen­li “Gram­my” baý­rak­la­ryn­dan baş­ga-da, 13 Ame­ri­kan Aý­dym-saz baý­ra­gy­ny we 12 “Bill­board” aý­dym-saz baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Özü­niň mo­da bren­di­ni hem dö­re­den Ri­an­na işe­wür­lik bi­len hem meş­gul­la­nyp, dün­ýä­niň iň gurp­ly adam­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şeý­le hem ol dür­li ugur­lar­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na hem ady­ny ýaz­dyr­dy. Ol 2010-njy ABŞ-da “Hot 100” sa­na­wyn­da dört aý­dy­my bi­rin­ji bo­lan il­kin­ji ze­nan aý­dym­çy bol­dy. Şol ýyl çy­ka­ry­lan “Ru­de Boy” hem-de “On­ly Girl” (In The World) aý­dym­la­ry onuň meş­hur­ly­gy­ny has-da art­dyr­dy. Aý­dym­çy 2007-nji ýyl­dan 2011-nji ýy­la çen­li bäş ýyl yz­ly-yzy­na Bir­le­şen pa­ty­şa­lyk­da “bi­rin­ji bel­gi­li “sing­la” eýe bo­lan il­kin­ji ze­nan” ady­ny al­dy.
2012-nji ýyl­da ABŞ-da Ri­an­na­nyň san­ly aý­dym­la­ry 47,57 mil­li­on nus­ga­lyk­da sa­ty­lyp, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da Ri­an­na dün­ýä­de 250 mil­li­on­dan gow­rak al­bo­my sa­ty­lan ikin­ji ze­nan aý­dym­çy re­kor­dy­nyň eýesi bolmagynda galýar.
Ri­ri ady bi­len hem ta­nal­ýan aý­dym­çy ge­çen ýyl Ame­ri­ka­da baý­ly­gy­ny özi ga­za­nan iň ýaş ze­nan mil­li­ar­der bo­lup­dy. Onuň baý­ly­gy­nyň 1,4 mil­liard dol­lar­dy­gy mä­lim edil­di.
Rep aý­dym­çy­sy ASAP Rocky (Ra­kim Atels­ton Ma­ýers) bi­len bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­ýan Ri­an­na­nyň ikin­ji bä­be­gi­ne göw­re­li­di­gi mä­lim edil­di.