Dessançy bagşy Öre Şyh Käbe ogluny ýagşylykda ýatlap…
Dessançylyk sungatynyň binýadyny goýanlaryň biri-de Öre Şyh Käbe ogludyr. Gahryman
Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda bu ussat dessançy bagşy hakda maglumat berilýär. Öre Şyh Käbe ogly Petek bagşy, Söýeg bagşy, Nazar Baga, Çuwal bagşy dagy bilen birlikde, milli bagşyçylyk sungatymyzyň dessançylyk ýoluny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren ussat halypa bolup, at-owazasy ile dolan bagşy. Ol «Şasenem-Garyp», «Nejep oglan», «Hüýrlukga-Hemra» dessanlaryny, «Görogly» eposyndan birnäçe şahalary ýerine ýetiripdir. Uly toýlary tutuş dessan aýdyp sowan Öre Şyh Käbe ogly uly şöhratyň eýesi bolýar. Ol toýlarda çykyş edende, ony diňlemäge uzak-ýakyn obalardan adamlar pyýada ýol söküp gelipdirler. Halk dessançy bagşa «Nejep oglan» dessanyny ikilenç hem aýtdyryp diňläpdirler. Ol dessany şeýle özboluşly, täsirli ýerine ýetiripdir. Bagşy bu dessany aýdanynda, tomaşaçylar onuň aýry-aýry wakalaryny täzeden aýtdyryp diňläpdirler. Öre Şyh Käbe ogly örän ýatkeş hem-de ýiti zehinli bolupdyr. Ol islendik pursatda islendik dessanyň waka ýordumyny bölekleýin şol bir äheňde we owazda ýerine ýetirmegi başarypdyr.
Ussat bagşynyň dessan aýdanda, dutary göterip, ony gyryk kakuwda çalmagy has-da täsirli bolupdyr. Onuň aýdymy çeküwli aýtmaly ýerinde gara gazmaly ýerinden turup, belent kakuwda aýdym aýtmagy diňleýjilere örän güýçli täsir edipdir. Olar hem ör turup, bagşynyň «howuny» ýetiripdirler.
Öre Şyh Käbe ogly toýlarda aýdýan dessanyndaky her bir gahrymanyň keşbine girip, onuň özboluşlylygyny ýüze çykarypdyr, ýagny ses hem hereket taýdan täsirli beýan edipdir. Ussat halypa dessandaky aýdymlaryň öňki asyl nusgasy bilen birlikde, oňa öz äheňlerini, owaz öwüşginlerini-de goşupdyr. Mysal üçin, «Nejeboglan» dessanyndaky «Töwriziň begleri, sonam geldimi?» atly aýdymy ýerine ýetirende, «jukguldyny» hem-de gaýnawlary özüçe döredip, soňundaky söze täsirli gaýtalama, heň beripdir. Bu bolsa aýdymy has-da süýjedipdir, şonuň bilen birlikde owaz taýdan baýlaşdyrypdyr.
Öre Şyh Käbe ogly ýaşlygynda mal bakyp, çopançylyk edipdir. Ol gum içinde bolup, sazak şahasyndan döwüp, özüne «dutar» ýasanypdyr. Bir gezek gum içiniň obalarynyň birine şol döwrüň belli bagşysy Isa bagşy aýdym aýtmaga gelýär. Ýaş Öre ala köpegine sürini ynanyp, ýorga eşegine münüp, toýa gidýär. Toýda Öre çopan Isa bagşy bilen tanyşýar. Isa bagşy oňa aýdym aýtdyryp, onuň aýdym aýdyşyny barlap görýär-de:
— Ertir aňyrky obada aýdym aýtjak, sen hökman şoňa bar — diýýär.
Öre bu gezek sürini dädesine ynanyp, toýa gaýdýar. Toýdan soň Isa bagşy ony şägirt edinip, ýany bilen öýüne alyp gidýär. Şeýlelikde, bir ýyldan soň, Öre Şyh Käbe ogly hakyky bagşy bolup, eli dutarly öýüne gaýdyp gelýär.
Öre Şyh Käbe oglunyň ilkinji sazandasy Şajan gyjakçy bolýar. Ol örän ýiti zehinli bolup, gyjak çalmaga ussat ekeni. Özi-de köp aýdymlary ýatdan bilýän eken. Şonuň üçinem halypa bagşy dessanyň sözlerini we goşgularyny arkaýyn, emgenmän aýdar eken. Şu ýerde Şajan gyjakçynyň bäş ýaşynda sünnete ýatyrylyp, onuň sünnet toýunda Öre Şyh Käbe oglunyň dessan aýdandygyny bellemek gerek. Şonuň bilen birlikde-de, Şajan gyjakçynyň bäş ýaşynda gyjaga ezberlik bilen erk edendigi dünýä belli kompozitor Mosarty ýadyňa salýar. Ol şol ýaşlarynda toýlarda Öre Şyh Käbe ogluna sazandarlyk edýär. Ýöne Şajan gyjakçy ýaşlygynda aradan çykýar. Şondan soň dessançy bagşa Türkmenistanyň halk bagşysy Sapar Bekiýew sazandarlyk edýär. Öre Şyh Käbe ogly käteler gözüne ýaş aýlap: «Şajan ýaly gyjakçy dünýäde ýokdur» diýip, ony ýagşylykda ýatlar eken.
Ussat gyjakçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Sapar Bekiýewiň Öre Şyh Käbe ogluna sazandarlyk etmegi onuň aýdýan dessan aýdymlaryna täzeçillik girizmek bilen, dessançylyk sungatynda üýtgeşik owazlar peýda bolýar. Bu bolsa halypa bagşynyň il içinde at-abraýyny has-da artdyrýar. Şeýlelikde, Öre Şyh Käbe ogly ömrüniň ahyryna çenli dessançy bagşy hökmünde tanalmak bilen, ol ugurda uly hyzmatlary bitirýär. «Her gülüň bir ysy bar» diýlişi ýaly, Öre Şyh Käbe oglunyň hem özboluşly dessan aýdyş ýoly ýaş bagşylar üçin uly bir sapak bolup galýar. Ussat halypanyň dürli dessanlardan aýdan aýdymlary türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanylyp, radiodiňleýjilere yzygiderli ýetirilýär.
Ussat bagşynyň ýoluny ogly, Türkmenistanyň halk bagşysy Hojamyrat Öräýew dowam etdiripdi. Häzirki wagtda agtyklary Soltanbagt Rejepowa bilen Baky Rejepow atalarynyň ýoluny dowam edýärler. Bu bolsa Öre Şyh Käbe oglunyň ussatlyk mekdebiniň nesil dowamatyna öwrülendigini aňladýar. Esasy zat bolsa, ussadyň bu ugurda nesiller üçin dessançylyk sungatynyň ebedi nusgalyk mekdep bolup durýanlygydyr. Şeýle sungat mirasyna eýe bolmak bolsa, dessançy ýaşlar üçin uly bagtdyr.
Akmyrat REJEBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, dessançy bagşy.
PDF









