Gyrgyzystan polietilen torbalardan doly ýüz öwürmekçi. Degişli kanun Gyrgyzystanyň parlamentinde kabul edilip, gol çekmek üçin döwlet Baştutanyna iberildi. Ýurtda plastik torbalaryň önümçiligi geljek ýyldan bes ediler. Olaryň ýerine alyjylara kagyzdan ýa-da matadan taýýarlanan ekotorbalar teklip ediler.