ABŞ-nyň Me­teo­ro­lo­gi­ýa gul­lu­gy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mil­li mer­ke­zi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ýer ýü­zün­de 3-nji iýul äh­li wagt­la­ryň iň ys­sy gü­ni bo­lup­dyr. Şol gün Ýer ýü­zün­de or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra 17,01 de­re­jä ýe­tip­dir. Şeý­le­lik­de 2016-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da­ky 16,9 de­re­je­lik re­kord tä­ze­le­nip­dir.
Soň­ky hep­de­ler­de ABŞ-da ys­sy ho­wa aky­my öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän bol­sa, Hy­taý we Eý­ran ýa­ly ýurt­lar­da adat­da­ky­dan has ys­sy ho­wa ha­sa­ba alyn­dy. Ge­çen hep­de­ler­de Hin­dis­tan­da hem ho­wa ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry bo­lup­dy.
Bü­tin­dün­ýä Me­teo­ro­lo­gi­ýa Gu­ra­ma­sy (WMO) düýn El Ni­no şert­le­ri­niň baş­lan­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Gu­ra­ma bu ho­wa aky­my­nyň glo­bal ýy­ly­lyk ar­ty­şy­ny çalt­lan­dyr­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Gu­ra­ma­nyň be­ýa­na­tyn­da bu te­bi­gy ha­dy­sa­nyň dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­rin­dä­ki ho­wa ýag­da­ýy­na tä­sir et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.