Rambutan Günorta-Gündogar Aziýada duş gelýän endemik agaç bolup, esasan, tropik gurşawda ösýär. Miwesi bilen adybir bu agaç «sapindaceae» maşgalasyna degişlidir. XIII-XV asyrlarda arap söwdagärleriniň rambutanyň miwesini dürli ýurtlara äkitmegi bilen, Amerika, Afrika sebitlerine ýaýraýar.
Rambutan hemişe gök öwüsýän agaç bolup, 15-24 metre çenli ösýär. Uzyndan inçe ýaprakly bu agajyň ownuk gülleri bolýar. Bu agajyň hoşboý ysly gülleri mör-möjekleri, esasan hem, balarylaryny özüne çekýär. Islendik toprakda ösüp bilýän rambutan iki-üç ýyldan soň miwe berýär. Rambutanyň iki görnüşi – miweli we miwesiz görnüşi bar. «Rambutan» malaý diliniň rambut sözünden gelip çykyp, «tüýli miwe, saç» diýen manyny aňladýar. Rambutanyň iň esasy aýratynlygy onuň özboluşly görnüşe eýe bolan miwesidir. Daşyndan göräýmäge süýnýän rezin oýnawaja meňzeýän bu miwäniň ululygy 3-6 santimetr aralygynda bolýar. Gabygy üpürjikli rambutanyň reňki, esasan, gyzyl bolup, seýrek ýagdaýda mämişi ýa-da sary görnüşlerem duş gelýär. Içinde ýumurtga şekilli iýilýän bölegi bolup, üzümiňkä meňzeş süýji, ýumşak kislotaly tagamy bar. Golf topunyň ululygyndaky bu miwäniň ýekeje çigidi bolup, ajy tagamy bar. Peýdaly maddalary özünde jemleýän bu miwäniň ajy çigidi käbir ýerde gowrulyp hem iýilýär. Rambutanyň düzüminde 78% suw, 21% uglewod, 1% belok we az mukdarda ýag saklanýar. Bu tropik miwe terligine we gaplanan görnüşinde eksport edilýär. Rambutan sabyn önümçiliginde peýdalanylyp, agajynyň kökleri, gabygy we ýapraklary boýag öndürmekde hem ulanylýar.