Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy äh­li Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­ny aw­gust aýyn­da Ýo­han­nes­burg­da gu­ral­jak BRIKS-iň sam­mi­ti­ne ça­gyr­dy. Bu ba­ra­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li ha­bar ber­di.
-Pre­zi­dent Si­ril Ra­ma­fo­sa BRIKS bi­len öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de äh­li Af­ri­ka li­der­le­ri­ni sam­mi­te ça­gyr­mak ba­ra­da ka­ra­ra gel­di. Şo­ňa gö­rä, ola­ryň äh­li­si­ne BRIKS-iň li­der­le­ri bi­len bir­lik­de sam­mi­te gat­naş­mak­la­ry üçin ça­ky­lyk ýol­la­dyk – di­ýip Gü­nor­ta Af­ri­ka ta­ra­pyn­dan BRIKS bo­ýun­ça yna­ny­lan we­kil Anil Suk­lal met­bu­gat üçin mas­la­hat­da mä­lim et­di.
-Sam­mit­de yk­ly­myň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne kö­mek et­mek mak­sa­dy bi­len BRIKS ýurt­la­ry bi­len Af­ri­ka­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýol­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Mun­dan baş­ga-da, Pre­zi­dent Si­ril Ra­ma­fo­sa BRIKS-iň li­der­le­ri üçin ag­şam­lyk na­ha­ry­ny be­rer, oňa Af­ri­ka li­der­le­ri hem gat­na­şar – di­ýip, Anil Suk­lal ha­bar ber­di.
Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, ça­gy­ry­lan­la­ryň ara­syn­da Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň we se­bi­tiň yk­dy­sa­dy bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we işe­wür li­der­le­ri bar. Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy şu ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da BRIKS-iň baş­ly­gy bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da BRIKS Rus­si­ýa­ny, Hy­ta­ýy, Bra­zi­li­ýa­ny, Hin­dis­ta­ny we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­ny bir­leş­dir­ýär. Şeý­le-de, In­do­ne­zi­ýa, Tür­ki­ýe, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Mü­sür we Ar­gen­ti­na ýa­ly ýurt­lar bi­le­le­şi­ge go­şul­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­gy­na gö­rä, 2023-nji ýy­la çen­li BRIKS ýurt­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki umu­my pa­ýy G7 ýurt­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň pa­ýyn­dan ýo­ka­ry bo­lar. Bu ýurt­lar dün­ýä­niň ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni öz içi­ne alyp, Ýer to­ga­la­gy­nyň dört­den bir bö­le­gi­ni eýe­le­ýär. Gu­ra­ma 2006-njy ýyl­da Pe­ter­burg yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Bra­zi­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da esas­lan­dy­ryl­dy.