Şu gün Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçirilýär. Ýurtda ýerli wagt bilen 08:00-da 10 müň 784 sany saýlaw uçastogy açyldy. Ses bermek 20:00-a çenli dowam eder.
Saýlawlara häzirki Prezident Şawkat Mirziýoýew, Halk Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Ulugbek Inoýatow, Ekologiýa partiýasynyň dalaşgäri Abduşukur Hamzaýew we “Adolat” Sosial Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Rob Mahmudowa gatnaşýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 30-njy aprelde Özbegistanda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça sala salşyk geçirilip, Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli artdyryldy. Şeýle hem, täze düzedişlere görä, Özbegistan sosial döwlet diýlip yglan edildi we ýurtda ölüm jezasy ýatyryldy.