Tä­ze Ze­lan­di­ýa dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup, su­per­mar­ket­ler­de plas­tik tor­ba­la­ry ulan­ma­ga ga­da­gan­lyk gi­riz­di. Bu ka­rar hö­kü­me­tiň plas­ti­ka gar­şy kam­pa­ni­ýa­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, 1-nji iýul­da güý­je gir­di.
Bu ga­da­gan­lyk bir ge­zek ula­nyl­ýan tor­ba­la­ra we gap-gaç­la­ra de­giş­li­dir. Bu ýer­de gür­rüň il­kin­ji no­bat­da has köp ula­nyl­ýan plas­tik gör­nüş­le­ri­ne gar­şy gö­reş ba­ra­da bar­ýar. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Wel­ling­ton­da ýe­ne-de iki ýyl­dan äh­li po­lis­ti­rol iý­mit gap­la­ma­la­ry ga­da­gan edi­ler diý­lip ga­ra­şyl­ýar.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, her ýyl ýur­duň ýa­şaý­jy­sy 60 ki­log­ram plas­tik ga­lyn­dy­la­ry zir-zi­bil dö­kül­ýän ýer­le­re zyň­ýar, şu­nuň bi­len bir wagt­da onuň di­ňe 5%-i ýurt­da gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. “Tä­ze çäk­len­dir­me­ler ýyl­da 150 mil­li­on plas­tik tor­ba­lar­dan dyn­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer” di­ýip, “NZ He­rald” ne­şi­ri ýaz­ýar.
2019-njy ýy­lyň iýul aýyn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri ha­ryt­lar sa­tyn al­nan­dan soň gap­la­nyl­ýan uly tor­ba­la­ry ulan­ma­gy ga­da­gan et­di­ler. Daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­ly bo­lan plas­tik önüm­ler bi­len üp­jün ed­ýän kär­ha­na­la­ra 67 müň dol­la­ra çen­li uly je­ri­me sa­lyn­dy.