BMW ula­ny­jy­la­ryň gö­ni gö­zü­niň öňün­de tiz­lik, na­wi­ga­si­ýa we beý­le­ki­ler ba­ra­da­ky mö­hüm mag­lu­mat­la­ry gör­kez­ýän “Con­nected­Ri­de” at­ly akyl­ly äý­nek­le­ri hö­dür­le­di. Bu “akyl­ly” äý­nek mo­to­sikl sü­rü­ji­le­ri üçin ýö­ri­te dö­re­dil­di. Mag­lu­mat­lar her bir sü­rü­jä gö­rä, saz­la­nyp, äý­ne­gi “Blue­tooth” ar­ka­ly smart­fo­na hem bi­rik­di­rip bol­ýar. BMW is­len­dik ýü­ze la­ýyk otur­ýan, şeý­le hem dür­li kas­ka­lar­da ýer­leş­dir­mek üçin onuň iki gör­nü­şi­ni hö­dür­le­ýär. Bu äý­nek 10 sa­ga­da çen­li iş­läp we USB ka­be­li ar­ka­ly zar­ýad alyp bil­ýän içer­ki li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len­dir.