Öz­be­gis­ta­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew 9-njy iýul­da ge­çi­ri­len no­bat­dan da­şa­ry Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 87,5% ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy di­ýip, Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Zai­nid­din Ni­zam­ho­ja­ýew ha­bar ber­di.
-Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Mir­zi­ýo­ýe­we 13 625 055 adam ýa-da ses be­riş­li­ge gat­na­şan saý­law­çy­la­ryň 87,5%-i ses ber­di – di­ýip, ol bel­le­di.
Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 19,5 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy ha­sa­ba al­nyp, şo­lar­dan 15 671 405 ses ber­di. 28-nji iýun­dan 5-nji iýul ara­ly­gyn­da 800 müň­den gow­rak saý­law­çy, şol san­da da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýan 188 müň tö­we­re­gi saý­law­çy wag­tyn­dan öň ses ber­di.
Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew 1989-njy ýyl­dan bä­ri ýur­da ýol­baş­çy­lyk eden il­kin­ji döw­let Baş­tu­ta­ny Ys­lam Ka­ri­mow ara­dan çy­kan­dan soň 2016-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len no­bat­dan da­şa­ry saý­law­lar­da Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Mir­zi­ýo­ýew 80,12% ses alyp, tä­ze saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
Ap­rel aýyn­da Öz­be­gis­tan­da Kons­ti­tu­si­ýa­ny üýt­get­mek, şol san­da Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti­ni bäş ýyl­dan ýe­di ýy­la çen­li uzalt­mak bo­ýun­ça sa­la sal­şyk ge­çi­ril­di. Tek­lip edi­len üýt­get­me­le­ri saý­law­çy­la­ryň 90,2%-i gol­da­dy.
Maý aýy­nyň ba­şyn­da Mir­zi­ýo­ýew, Kons­ti­tu­si­ýa gi­ri­zi­len üýt­get­me­le­re bil bag­lap, möh­le­tin­den öň pre­zi­dent saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da ka­ra­ra gol çek­di.