7-nji iýulda ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýolbaşçylygynda Wenada Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi, oňa Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ç.Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Maslahata ÝHHG-niň agza döwletleriň we hyzmatdaşlarynyň ministrleri, howanyň üýtgemegi boýunça wekilleri we beýleki ýokary derejeli syýasy işgärler, şeýle hem halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri, howa howpsuzlygy boýunça bilermenler gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde ileri tutýan ugurlary we gazananlary barada çykyş etdi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň çäklerinde häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlary belledi, hususan-da, olaryň arasynda Türkmenistanyň çägindäki howa we howanyň üýtgemegine gidrometeorologik gözegçiligi kämilleşdirmek; howanyň üýtgemeginiň netijesini ýumşatmak we uýgunlaşdyrmak babatyndaky çärelerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek; energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly 2030-njy ýyla çenli ýangyç-energetika çeşmelerini tygşytlamak we ýyladyşhana gazlaryň zyňyndylaryny durnuklaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek; howanyň üýtgemegine garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak.
2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Stokgolmda kabul edilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň “Howanyň üýtgemeginden gelip çykýan meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly kararyny ýerine ýetirmek nukdaýnazaryndan, bu maslahat howanyň üýtgemeginiň ÝHHG sebitinde howpsuzlyga we durnuklylyga ýetirip biljek täsirini, şeýle-de howpsyzlyk babatynda ählumumy çemeleşmä laýyklykda anyk taslamalar arkaly howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan işleriniň netijeliligini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.