12-nji iýulda Çehiýada doglan fransuz ýazyjysy Milan Kundera 94 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Çehiýanyň CT24 habarlar teleýaýlymy habar berdi. “Barlygyň çydap bolmajak ýeňilligi” atly romany bilen giňden tanalýan ýazyjy soňky ýyllarda Parižde ýaşady we işledi.
“Ol Çehiýanyň daşary ýurtlardaky iň meşhur wekilidi. Edebiýat boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hökmünde ençeme gezek bellige alyndy” diýlip beýanatda bellenilýär. Onuň eserleri giň okyjylar köpçüliginiň dykgatyna ýetirilip, onlarça dile terjime edildi.
Kunderanyň Çeh dilinde ýazan iň soňky kitabynyň ady “Bakylyk” bolupdy, şondan soň ol fransuz dilinde ýazyp ugrady. Milan Kundera 1929-njy ýylyň 1-nji aprelinde Çehiýanyň Brno şäherinde dünýä indi. Ilkinji kitaby 1953-nji ýylda neşir edildi.