ABŞ-nyň General Motors (GM) hem-de Hytaýyň General Motors (GM) kompaniýalarynyň bilelikde döreden SAIC-GM Hytaýdaky üçünji elektroulag zawodynyň gurluşygyna başlady. Ýurduň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Ýantaý şäherinde gurulýan desgada elektroulaglaryň köpçülikleýin önümçiligi gurlar. Bilelikdäki kompaniýa GM-niň önümçilik platformasy esasynda elektroulag zawodlaryny gurýar. Bu ugurdaky önümçiligi artdyrýan kompaniýa täze taslama üçin 8,8 milliard ýewro bölüp berdi. Önümçilik desgasynyň 2025-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar.
SAIC-GM-niň beýleki iki zawody Şanhaýyň Pudun sebitinde hem-de Uhan şäherinde ýerleşýär. Uhandaky zawod şu ýylyň başynda işe girizildi. Bu ýerde “Buick Electra E5” hem-de “Buick Electra E4” elektroulaglary öndürilýär.