Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen ge­çen ýyl güý­je gi­ri­zi­len çip önüm­çi­li­gi­ne gol­daw ber­me­gi mak­sat edin­ýän ka­nun se­bäp­li 90 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak ma­ýa go­ýu­myň çe­ki­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýü­ze çy­kan çip ýet­mez­çi­li­gi­ni ara­dan aýyr­mak hem-de glo­bal ýa­rym­ge­çi­ri­ji ba­za­ryn­dan has köp paý al­mak mak­sa­dy bi­len önüm­çi­li­gi ýo­la goý­jak kom­pa­ni­ýa­la­ra ýe­ňil­lik dö­red­ýän ka­nun tek­li­bi­ni taý­ýar­lap­dy. Lýa­ýen çip ka­nu­ny bi­len Ýew­ro­pa­ny ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň bar­la­gyn­da, di­zaý­nyn­da, sy­na­gyn­da we önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy ýag­da­ýa ge­tir­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni aý­dyp, bu ka­nu­nyň res­mi ýag­daý­da şu ýy­lyň güý­zün­de güý­je gir­ýän­di­gi­ni, em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, eý­ýäm ma­ýa go­ýum­la­ryň ar­tan­dy­gy­ny aýt­dy. Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň baş­ly­gy ge­çen ýy­lyň few­ra­lyn­da çip önüm­çi­li­gi­ne gol­daw ber­ýän ka­nu­ny tek­lip eden­dik­le­ri­ni bel­le­di. Ol Pol­şa­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri gap­la­mak we sy­nag­dan ge­çir­mek üçin 12 mil­liard ýew­ro, Ger­ma­ni­ýa­da dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek gu­rul­jak iki uly za­wod üçin 30 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýu­myň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, Ir­lan­di­ýa, Is­pa­ni­ýa we Fran­si­ýa ýa­ly ýurt­lar­da hem çip önüm­çi­li­gi üçin ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ril­ýär.