Gün dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi has ähmiýetlidir. Adam bedeni üçin az mukdarda, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr. Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Ýöne çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Ýagny ilki mylaýym ýylylyk, soňra deriniň gyzarmagy. Gün şöhlesiniň uzak wagtlap bedene täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär. Soňra gulagynyň şaňlamagy, deminiň gysmagy, ýüreginiň çalt urmagy mümkin.
Gün urmadan nädip goranmaly?
Irden sagat 9:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.
Açyk reňkli, nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli.
Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy.
Açyk reňkli başgaplary geýmeli.
Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmak, saýawan götermek maslahat berilýär.
Düzüminde efir ýagy bolan gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp ulanmaly.
Günüň zyýanly täsirinden goraýan C, PP witaminine baý önümleri köpräk iýmeli.
Günüň dowamynda içilen suwuklygyň (şerbet, mineral suw, gatyk, çal, aýran, dürli şireler) mukdary 2 litrden az bolmaly däl.
Gün urmada ilkinji kömek
Gün uran adama gyssagly ýagdaýda ilkinji kömek berilýär.
Gün uran adamy salkyn ýere (agajyň saýasyna, kölegä, salkyn otaga) geçirmeli.
Kemerini, köýnekleriniň iliklerini ýazdyrmaly.
Ejir çekýän näsagyň goltuklaryna, boýnuna, döş kapasasyna sowuk suwa öllenen mata bölegini goýmaly.
Gün uran adam huşunda bolsa suw bermeli.
Ejir çeken adamyň endamyna spirt çalmakdan saklanmaly, onuň spirtli içgileri içmegine ýol bermeli däl. Alkogolly içgiler bedendäki ýylylyk sazlaşygyny bozup, Gün urmanyň täsirini güýçlendirip biler.
Tiz kömek gullugy gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.
Annamyrat Şagylyjow,
Aşgabat şäherindäki bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.