Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi we da­na­lyk mek­de­bi hal­ka­ra de­re­je­sin­de hem-de mil­li jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ro­waç­lan­ma­gy­na ba­dal­ga ber­ýän ede­bi aka­ba­la­ryň ker­wen­ba­şy­sy bo­lup hyz­mat edip gel­ýär. Akyl­da­ryň çe­per pi­kir­len­me me­de­ni­ýe­ti ar­ka­ly dö­re­den söz sun­ga­ty­nyň güý­ji, ha­ky­ka­ta şa­hy­ra­na kes­git­le­me ber­mek­dä­ki se­tir­le­ri uzak ýyl­lar­dan bä­ri yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň işi­ni hem ýe­ri­ne ýe­ti­rip gel­ýär. Yn­sa­nyň aň-dü­şün­je­si­niň kä­mil­leş­me­gi­ne we baý­laş­ma­gy­na, türk­men jem­gy­ýe­ti­ni kä­mil­li­ge ug­ruk­dy­ry­jy wa­tan­çy­lyk, ah­lak, yl­my me­de­ni­ýe­ti­niň pa­jar­lap ös­me­gi­ne söz sun­ga­ty ar­ka­ly uly go­şant go­şan akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy yl­my jem­gy­ýet­çi­lik­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bi­lim­le­riň ama­ly we na­za­ry ul­gam­la­ryn­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň ösü­şi, bäh­bi­di üçin amat­ly bo­lan, pi­kir­le­niş ukyp­la­ry, dö­re­di­ji­lik­li akyl ýe­ti­riş ba­şar­nyk­la­ry, ynan­dy­ry­jy­lyk­ly, ha­ky­kat gör­ke­zi­ji­le­ri ar­ka­ly tä­ze ta­ry­hy çöz­güt­le­riň, gym­mat­ly açyş­la­ryň, oý­lap ta­pyş­la­ryň, tej­ri­be­le­riň, göz­leg­le­riň we sy­nag­la­ryň, yg­ty­bar­ly we ta­kyk der­ňew­le­riň, mag­lu­mat­la­ryň, de­lil­le­riň we sel­jer­me­le­riň, tag­ly­mat­la­ryň we sal­gy­lan­ma­la­ryň üs­ti bi­len ge­çi­ri­len, ut­gaş­ýan, jem­gy­ýet­çi­lik bi­lim­le­riň köp­ta­rap­ly ugur­la­ryn­da kä­mil­li­giň, us­sat­ly­gyň, öz­ge­ri­şiň tä­ze bas­gan­çak­la­ry bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len, saý­la­ny­lyp al­nan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň üs­tün­lik­li we mak­sa­da­la­ýyk, my­sal­lar we su­but­na­ma­lar ar­ka­ly esas­lan­dy­ry­lan we tas­syk­la­ny­lan gör­nüş­de yk­rar edil­me­gi ylym hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Dur­muş­da yl­my iler­le­me­le­riň hem-de ösüş­le­riň ýaý­ra­wy, gur­şa­wy we ba­ha­lan­dy­ry­ly­şy dür­li usul­lar, tap­gyr­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Yl­my gym­mat­lyk­lar yn­sa­ny dog­ry, ada­lat­ly, yn­san­per­wer ýo­la, zäh­met, wa­tan­çy­lyk ýe­ňiş­le­ri­ne, üs­tün­lik­le­ri­ne gö­nük­dir­ýän hä­si­ýet­le­ri bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Ta­ry­hy ede­bi­ýat­lar­da ylym, şa­hy­ra­na­la­yk we dur­muş bir enä­niň üç per­zen­di­ne meň­ze­dil­ýär.
1991-2021-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bi­ze Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny we mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň esas­la­ry­ny öw­ren­mek, top­la­mak, ul­gam­laş­dyr­mak hem-de peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ýer­leş­ýän mil­li, yl­my eda­ra­la­ryň, ýö­ri­te­leş­di­ri­len, pu­dak­la­ýyn ki­tap­ha­na­la­ryn­da, ar­hiw mer­kez­le­rin­de, gaz­na­la­ryn­da, çeş­me­le­rin­de sak­la­nyl­ýan, az san­ly we seý­rek duş gel­ýän, umu­my­döw­let äh­mi­ýet­li, halk bäh­bit­li gol­ýaz­ma ýy­gyn­dy­la­ry, aka­de­mi­ki ne­şir­le­riň nus­ga­la­ry, dok­tor­lyk, kan­di­dat­lyk iş­le­ri, met­bu­gat­da, se­ne, ýol ýaz­gy­la­ryn­da, bib­li­og­ra­fik we teks­to­lo­gik gör­ke­zi­ji­ler­de orun alan syn­lar, mo­nog­ra­fi­ýa­lar, en­sik­lo­pe­dik söz­lük­ler, dür­li dil­ler­dä­ki me­de­ni-aň bi­lim we kö­mek­çi ede­bi­ýat­la­ry, dür­li ýyl­lar­da ge­çi­ri­len aý­ra­tyn gym­mat­ly, düýp­li, köp­ta­rap­ly, dö­wür­le­ýin in­tel­lek­tu­al yl­my bar­lag­la­ryň tä­ze­çil, gy­zyk­ly, tä­sir­li bin­ýat­lyk top­lum­la­ry, dür­li re­dak­si­on-ne­şir­ýat, çap­ha­na önüm­le­ri­niň tap­gyr­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň dür­li ýyl­lar­da, dür­li dil­ler­de goý­be­ri­len köp­ jilt­li ha­bar­la­ry, TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň iş­le­ri, mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­myn­da ga­za­ny­lan tej­ri­be­ler bi­len iç­gin ta­nyş­mak bag­ty ne­sip et­di. Mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bo­ýun­ça bi­lim­le­riň top­lum­la­ýyn gör­nüş­le­rin­de gy­zyk­lan­ma­la­rym, göz­leg­le­rim bu ugur­da yl­my-usu­ly­ýet, yl­my-ama­ly dün­ýä­ga­raý­şy­myň gi­ňel­me­gi­ne ýar­dam ber­di. Ag­za­lan dö­wür­de mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bi­len bag­ly bo­lan iki müň­den gow­rak düýp­li bar­lag­lar bi­len ta­nyş­ma­gy­myz kal­by­my­zy ga­nat­lan­dy­ryp, yl­my yl­ha­my­my­za tä­ze ba­dal­ga ber­di.
XX asyr­da mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bo­ýun­ça mil­li yl­my mek­de­biň düý­bü­ni tut­mak­da we bu yl­my ug­ruň ýaý­ra­ýyş çyg­ry­nyň ge­ri­mi­ni, hy­juw­ly we joş­gun­ly öw­re­ni­li­şi­ni art­dyr­mak­da, gy­zyk­lan­ma örü­si­ni gi­ňelt­mek­de, kä­mil­leş­dir­mek­de, şa­hy­ryň ede­bi şah­sy­ýe­ti ba­ra­da baş­lan­gyç, dog­ry, yg­ty­bar­ly yl­my çöz­güt­li mag­lu­mat­la­ryň taý­ýar­lan­ma­gyn­da, ola­ryň yl­my sel­jer­me­ler, na­zar­lar bi­len ber­ki­dil­me­gin­de, top­la­nyl­ma­gyn­da we ne­şir edi­lip, halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­me­gin­de B.Ker­ba­ba­ýew, M.Kö­sä­ýew, A.Ahun­dow-Gür­gen­li, A.N.Sa­moý­lo­wiç, R.Aly­ýew ýa­ly alym­lar ha­ky­ka­tyň we kä­mil­li­giň çuň­luk­la­ry­na, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ne ara­la­şan il­kin­ji alym­lar hök­mün­de yk­rar edil­ýär. 1948-nji ýyl­da mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň mil­li mek­de­bi­niň ke­ma­la gel­me­gin­de uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren, yl­myň bu pu­da­gyn­da ha­ly­pa-şä­girt­lik bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­de meş­hur­lyk ga­za­nan ta­ny­mal türk­men aly­my B.A.Gar­ry­ýew ta­ra­pyn­dan «Mag­tym­gu­ly we onuň çe­per di­li» di­ýen at bi­len il­kin­ji ge­zek fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen alym­lyk de­re­je­si­ni al­mak üçin dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy işi üs­tün­lik­li go­ral­ýar. Mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bo­ýun­ça ze­nan alym­la­ryň ara­syn­da il­kin­ji bo­lup fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty di­ýen alym­lyk de­re­je­si­ni al­mak üçin kan­di­dat­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy işi Z.B.Mu­ham­me­do­wa ta­ra­pyn­dan 1949-njy ýyl­da «Mag­tym­gu­ly­nyň di­wa­ny­nyň Ast­ra­bat gol­ýaz­ma­la­ry­nyň di­li» di­ýen te­ma­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. 1950-2014-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça Ö.Yl­ýa­sow, Y.Mä­me­da­ma­now, H.Ab­dul­la­ýew, M.Ça­ry­ýew, D.Ab­dul­la­ýew, Ş.Se­ýi­dow, A.Bek­my­ra­dow, A.Şyh­ne­pe­sow, O.Işan­gu­ly­ýe­wa, M.An­na­mu­ham­me­dow, A.Na­za­row, A.Aşy­row ýa­ly alym­lar ýö­ri­te dok­tor­lyk we kan­di­dat­lyk dis­ser­ta­si­ýa­la­ry ýa­zyp, mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň ro­waç­lan­ma­gy­na, düýp­li we köp­ta­rap­ly öw­re­nil­me­gi­ne uly go­şant goş­du­lar.
Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­na yl­my-teks­to­lo­gik taý­dan bar­lag­la­ry ge­çir­mek­de, şa­hy­ryň baý we kö­pu­gur­ly ede­bi mi­ra­sy­nyň halk dö­re­di­ji­li­gi, Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň çe­per nus­ga­la­ry, ede­bi hyz­mat­daş­lyk­la­ryň mek­dep­le­ri bi­len bag­la­ny­şy­gy­nyň ta­ry­hy, dur­mu­şy kök­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­mek­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şa­hy­ra­na pi­kir­len­me­si­niň gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de mis­ti­ki poe­zi­ýa­nyň ide­ýa-çe­per­çi­lik däp­le­ri, il­kin­ji çeş­me­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni dur­muş­da tut­ýan or­ny bo­ýun­ça yl­my-der­ňew iş­le­ri­ni do­wam­ly alyp bar­mak­da, mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň dür­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te mo­nog­ra­fi­ýa­la­ryň, ki­tap­la­ryň, ma­ka­la­la­ryň ne­şir edil­me­gin­de S.A.Gar­ry­ýe­wiň, G.O.Ça­ry­ýe­wiň, A.Me­re­do­wyň, R.Mus­ta­ko­wyň, S.My­ra­do­wyň, M.An­na­ne­pe­so­wyň, A.Gy­lyç­dur­dy­ýe­wiň, T.Ora­zo­wyň, K.Ku­ram­ba­ýe­wiň, O.Ýag­my­ro­wyň, G.Gel­di­ýe­wiň, H.Dur­dy­ýe­wiň, A.Mä­me­do­wyň, J.Gur­ba­no­wyň, A.Dur­dy­ýe­wa­nyň, T.Ha­py­zo­wa­nyň, O.Ödä­ýe­wiň, F.Al­la­ber­ge­no­wa­nyň hyz­mat­la­ry il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da hor­mat bi­len bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da­ky yl­my mag­lu­mat­la­ry mek­dep­le­riň okuw ki­tap­la­ryn­da gör­kez­me­gi il­kin­ji ge­zek ýo­la go­ýan A.Bel­ýa­ýew ha­sap edil­ýär. Türk­men met­bu­ga­tyn­da il­kin­ji baş­lan­gyç yl­my ma­ka­la­lar «Mag­tym­gu­ly» ady bi­len 1915-nji ýy­lyň 13-nji mar­tyn­da we 3-nji ap­re­lin­de «Za­kas­pi» ýer­li ga­ze­tin­de Ho­ja­ly My­rat­ber­di og­ly we Mäm­met Gur­ban og­ly ta­ra­pyn­dan çap edil­ýär. Mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bo­ýun­ça ga­za­ny­lan ösüş­le­ri üç ug­ra – XIX, XX, XXI asyr­la­ryň tap­gyr­la­ry­na, alym­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­ni­li­şi­ni Ýew­ro­pa, Azi­ýa, Ame­ri­ka we türk­men yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň to­par­la­ry­na böl­mek bol­ýar. XIX asyr­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, dur­muş we ta­ry­hy döw­ri ba­ra­da­ky il­kin­ji yl­my hä­si­ýet­li ma­ka­la­lar top­lu­my 1842-nji ýyl­da Lon­don­da iň­lis di­lin­de dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň dyk­ga­ty­na we na­za­ry­na pol­ýak aly­my Alek­sandr Leo­nar­do­wiç Hodz­ko-Bo­reý­ko ta­ra­pyn­dan «Po­pul­ýar pars poe­zi­ýa­syn­dan par­ça­lar» at­ly ki­ta­by ar­ka­ly ta­nyş­dy­ryl­ýar. Bu asy­ryň mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my bo­ýun­ça dür­li gym­mat­lyk­la­ry, şöh­rat­ly ýaz­gy­la­ry, şa­hy­ryň yk­bal men­zil­le­ri­niň, şa­hy­ra­na ömür we şy­gyr us­sat­ly­gy­nyň ja­dy­ly, özü­ne­çe­ki­ji dün­ýä­si ba­ra­da­ky yl­my maz­mun­ly sa­hy­pa­la­ry 20-den gow­rak aly­myň iş­le­rin­de, ýol ýaz­gy­la­ryn­da, dür­li dil­ler­dä­ki gol­lan­ma­lar­da gör­mek bol­ýar. Mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň XX asyr­da­ky ösü­şi üç tap­gy­ra bö­lün­ýär. Bu yl­my pu­da­gyň il­kin­ji tap­gy­ry 1903-1961-nji ýyl­lar ara­ly­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Ösü­şiň bu tap­gy­ryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da­ky or­nu­ny, poe­zi­ýa sun­ga­tyn­da­ky us­sat­ly­gy­ny, jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýet­li paý­has aň­lat­ma­la­ry­ny tö­we­rek­le­ýin öw­ren­mek­de 15-e go­laý yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň ta­ny­mal alym­la­ry sal­dam­ly, şow­ly iş­le­ri bi­tir­di­ler. Bu dö­wür­de B.M.Ker­ba­ba­ýe­wiň «Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň 1940-njy ýy­lyň 14-nji iýu­nyn­da­ky sa­nyn­da çap edi­len «Mag­tym­gu­ly we oňa bo­lan ga­ra­ýyş­lar» at­ly yl­my ma­ka­la­syn­da «Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň halk ara­syn­dan 1925-1939-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da top­la­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň halk şa­hy­ry Dur­dy Gy­ly­jyň ýar­dam ber­me­gin­de, onuň hat­dat­la­ry, mür­ze­le­ri, kä­tip­le­ri Atak Ka­ka­ba­ýe­wiň, Ça­ry Ka­ka­ja­no­wyň ýa­zyp al­ma­gyn­da Tag­ta (hä­zir­ki Gö­rog­ly) et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy Sa­par Ata­ýe­wiň Py­ra­gy­nyň 460 sa­ny goş­gu­sy­ny ýat­dan bil­me­gi, aýt­ma­gy, ne­şir­ler üçin dö­wür­le­ýin taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­da äh­mi­ýet­li bo­lan­dy­gy, bu ra­ýat­la­ryň ede­bi hyz­mat­la­ry­nyň gym­ma­ty­nyň ba­ha­syz baý­lyk bo­lup hal­ka hyz­mat eden­di­gi» ba­ra­da­ky buý­sanç­ly pi­kir­le­ri hä­zir­ki za­man yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin hem gut­la­nyl­ma­ga my­na­syp­dyr.
Mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk yl­my­nyň XX asyr­da­ky ösü­şi­niň ikin­ji tap­gy­ry 1962-1990-njy ýyl­lar ara­ly­gy­ny öz içi­ne al­mak bi­len, bu dö­wür­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň folk­lo­ra gat­na­şy­gy, şa­hy­ryň be­lent, giň, çuň, sag­dyn, aý­dyň pi­kir­le­niş uky­by, su­rat­lan­dy­ryş de­re­je­le­ri, goş­gy dü­züş gör­nüş­le­ri, okan, sy­ýa­hat eden me­kan­la­ry, maş­ga­la we hü­när edep­le­ri, hal­ky hä­si­ýet­li dür se­tir­le­ri­niň sti­lis­tik öwüş­gin­le­ri bi­len bag­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek­li­ge 20-den gow­rak alym, yl­my we dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­dy­lar. Yl­myň bu dü­zü­mi­niň ösü­şi­niň üçün­ji tap­gy­ry 1991-nji ýyl­dan soň­ky döw­ri öz içi­ne al­mak bi­len, hal­ka­ra we mil­li jem­gy­ýet­çi­lik ul­gam­la­ryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy, ýa­zuw­ly ede­bi­ýat­lar­da­ky ta­ry­hy hyz­mat­la­ry, gö­nü­den-gö­ni şa­hy­ryň dur­muş­da­ky, yl­my, me­de­ni ul­gam­lar­da­ky or­ny, çe­per dö­re­di­ji­lik mek­de­bi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bag­ly on­lar­ça me­se­le­le­ri öw­ren­mek­de tä­ze sa­hy­pa­la­ry baş­lan­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň, yn­san aň-dü­şün­je­si­niň kä­mil­leş­me­gin­de we baý­laş­ma­gyn­da uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren, türk­men jem­gy­ýe­ti­ni kä­mil­li­ge ug­ruk­dy­ry­jy yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri, wa­tan­çy­lyk maz­mun­ly, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry sö­züň gud­ra­ty, paý­has sun­ga­tyny fi­lo­so­fi­k se­tir­ler ar­ka­ly wasp eden Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň äh­mi­ýe­ti, gym­ma­ty dog­ru­syn­da 100-e go­laý mow­zuk­lar­da düýp­li yl­my bar­lag­lar, sel­jer­me­ler al­nyp bar­lyp, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň bu tap­gy­ryn­da alym­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň 30-a go­la­ýy dö­re­di­ji­lik­li zäh­met­le­ri bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň ta­ry­hy­ny, ta­hal­lus­la­ry­ny, dür­li dö­wür­ler­de dil­den ýa­zy­lyp al­nan nus­ga­la­ry­ny, di­wan­la­ry­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, akyl­da­ryň ter­ji­me­ha­ly we şa­hy­ryň eser­le­ri­niň teks­to­lo­gik tes­wir­le­ri ba­ra­da­ky ha­ky­kat­la­ry tä­ze­çil, na­za­ry we ama­ly my­sal­lar, su­but­na­ma­lar ar­ka­ly çuň­ňur we ynan­dy­ry­jy­lyk­ly esas­lan­dyr­mak­da, öw­ren­mek­de, dog­ry yl­my çöz­güt­le­riň ta­pyl­ma­gyn­da TYA-nyň ha­bar­çy ag­za­sy, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor A.Aşy­ro­wyň, alym­lar P.Ki­çi­gu­lo­wyň, E.Ga­ja­ro­wa­nyň, S.Ahal­ly­nyň, R.Re­je­po­wyň, G.Na­za­ro­wyň, A.Mül­ka­ma­no­wyň, M.Öwez­gel­di­ýe­wiň, A.Nur­ýag­dy­ýe­wiň, N.Ha­ly­mo­wyň, S.Şü­kü­rul­la­ýe­wa­nyň, A.Sa­par­my­ra­do­wyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry ulu­dyr. Şa­hy­ryň eser­le­ri­niň gym­ma­ty­ny onuň dog­duk Wa­ta­nyn­dan uzak­da­ky ül­ke­le­riň se­bit­le­rin­de yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi­ne, ki­tap­la­ry­nyň ne­şir edi­lip ýaý­ra­dyl­ma­gy­na we dür­li yk­lym­la­ryň 40-a go­laý döw­let­le­rin­de, 30-dan gow­rak dil­le­rin­de dür­li ýyl­lar­da wa­gyz, ter­ji­me edil­me­gi­ne dür­li ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň – aka­de­mik­le­riň 10-sy­nyň, ha­bar­çy ag­za­la­ry­nyň 12-si­niň, pro­fes­sor­la­ry­nyň 15-si­niň, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ylym­la­ryň dok­tor­la­ry­nyň we kan­di­dat­la­ry­nyň 20-ä go­la­ýy­nyň işe­wür, ön­düm­li gat­naş­ma­gy aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Go­laý­da ÝU­NES­KO-nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 216-njy mej­li­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň bu gu­ra­ma­nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi akyl­da­ryň dö­re­di­ji­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä de­re­je­sin­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän me­de­ni we yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň-leş­me­gi­ne, öw­re­ni­li­şi­niň ge­ri­mi­niň art­ma­gy­na hem oňyn ba­dal­ga ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Dä­de­baý Päl­wa­now,
Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.