Amerikan işewüri Ilon Mask emeli aň bilen baglanyşykly islendik meseläni çözmäge niýetlenen täze kompaniýanyň esaslandyrylandygyny mälim etdi.
-Hakykata düşünmek üçin “xAI” kompaniýasynyň döredilendigini tassyklaýaryn – diýip Ilon Mask aýtdy.
Mundan başga-da “x.ai” web sahypasy döredildi. Kompaniýada “Google”-yň, “Microsoft”-yň we beýleki tehnologiýa kompaniýalarynyň öňki işgärleriniň işlejekdigi habar berilýär. Şeýle hem, Mask özüniň we toparynyň 14-nji iýulda “Twitter Spaces” ýaýlymy arkaly täze kompaniýa baradaky sowallara jogap berjekdigini aýtdy.
Ýylyň başynda Mask Newada ştatynda “xAI” kompaniýasyny bellige aldyrypdy, ýöne şondan bäri onuň işe başlap-başlamandygy barada maglumat ýokdy. Mask emeli aň babatda ony bir wagtyň özünde hem geljegi uly, hem howply tehnologiýa diýip tekrarlady.