Germaniýanyň Baýrat uniwersitetiniň alymlarynyň tassyklamagyna görä, ähli ummanlarda näçeräk suw bar bolsa, Ýeriň çuňlugynda hem şonça suw saklanýar. Ýöne ol suwlar suwuklyk görnüşinde däl. Alymlar wulkan galyndylarynyň suwa baý jynslarynyň parçalaryny öwrenip, şeýle netijä geldiler. 410-660 kilometr Ýeriň çuňlugyndaky suwlar adaty däl görnüşde, ýagny ion görnüşindäki mineral kristallarda jemlenýär. Munuň özi Ýeriň jümmüşindäki suwlaryň Zemin bilen gabatlaşan asteroidlerde we kometalarda bolşy ýaly, daşky ýagdaýlaryň saýasynda döremändigini habar berýär. Germaniýanyň alymlar topary öz çaklamalarynyň esaslylygyna göz ýetirmek üçin planetanyň has çuňlukda ýerleşen gatlaklaryny nusgalamak üçin ulanylýan sintetik jynslarda laboratoriýa barlagyny geçirdiler.
Geofizik we seýsmik barlaglar üstki özeniň sorujylygyna garanyňda, özeniň geçiş zolagynyň sorujylygynyň pesdigini görkezdi. Şunuň bilen birlikde, geçiş zolagy Ýeriň özenine çenli 2900 kilometre uzap gidýär. Oliwin toparyndaky wulkan mineraly – ringwudit suwy özüne tiz siňdirýär. Munuň özi özeniň geçiş zolagynyň gury däl-de çygdygyny görkezýär.
– Ýeriň özenindäki suwlar şübhesiz, onuň ol ýere nädip düşenligi baradaky pikire alyp barýar, ýa-da ol özen gatandan soňra, emele gelipdir. Bu Ýer togalagynyň döreýşiniň esasy meseleleriniň biri bolup durýar – diýip, ABŞ-nyň Illinoýsdaky Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň işgäri Stiwen Ýakobson aýdýar.