14-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne we­la­ýat­lar we Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça oku­wa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­gi 17-nji iýul—28-nji aw­gust ara­ly­gyn­da gu­ra­mak tab­şy­ryl­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Bu to­pa­ra ka­bul et­mä­ge gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet taý­dan ýol­baş­çy­lyk et­mek hem-de onuň bel­le­nen ter­tip­de ge­çi­ril­me­gi­ni gu­ra­mak tab­şy­ryl­dy. Mun­dan baş­ga-da, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça iş to­par­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge borç­ly edil­di.
Bi­lim eda­ra­la­ry­nyň sa­ny­nyň ýyl­sa­ýyn art­ma­gy ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li ýaş iş­gär­le­riň bar­ha köp san­ly­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy ta­lap ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len Ar­ka­dag şä­he­rin­de dö­re­di­len Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­na şu ýyl il­kin­ji ge­zek ta­lyp­lar ka­bul edil­ýär.
Şeý­le hem halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­re bo­lan ze­rur­ly­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, tä­ze hü­när bi­lim eda­ra­la­ry açyl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her mu­gal­lym­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi hem-de Saç­ly Dur­su­no­wa adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her luk­man­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi bar.
Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne da­laş­gär­le­ri ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň öňün­de du­ran mö­hüm we­zi­pä ün­si çe­kip, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ada­lat­ly ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni, jem­gy­ýet­çi­lik gö­zeg­çi­li­gi­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýaş nes­liň ze­hin­li, my­na­syp we­kil­le­ri ka­bul edil­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Ka­bul ediş­lik möw­sü­mi il­kin­ji gü­nün­den ýo­ka­ry iş­jeň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň tä­ze bi­lim­le­re ym­tyl­ýan­dy­gy­na hem-de Wa­ta­ny­my­zyň in­tel­lek­tu­al, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na öz go­şant­la­ry­ny goş­ma­ga ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

TÄ­ZE OKUW ÝY­LY BI­LEN BAG­LY MAG­LU­MAT­LAR:
2023-2024-nji okuw ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 10-sy­na tä­ze hü­när­le­riň 35-si gi­ri­zil­di. Şo­la­ryň 21-si ba­ka­lawr, 8-si hü­när­men, 6-sy ma­gistr mak­sat­na­ma­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.
Şu okuw ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de taý­ýar­lyk ugur­la­ry­nyň 2-si açy­lyp, ta­lyp­lar dur­muş işi ug­ry bo­ýun­ça ba­ka­lawr, pe­da­go­gi­ka bi­li­mi ug­ry bo­ýun­ça bol­sa ma­gistr mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da oku­wa ka­bul edi­ler.
Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty hem taý­ýar­ly­gyň dur­muş işi ug­ry bo­ýun­ça ba­ka­lawr, psi­ho­lo­gi­ýa-pe­da­go­gi­ka bi­li­mi ug­ry bo­ýun­ça ma­gistr mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ta­lyp­la­ra bi­lim be­rip baş­lar.
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tyn­da hem mag­lu­mat howp­suz­ly­gy ug­ry bo­ýun­ça ba­ka­lawr, bi­na­gär­lik we gur­lu­şyk iş­le­rin­de ra­ýat go­ra­ny­şy­ny me­ýil­leş­dir­mek, ýol gur­lu­şy­gy iş­le­rin­de ra­ýat go­ra­ny­şy, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da we ula­ny­ly­şyn­da ra­ýat go­ra­ny­şy hü­när­le­ri bo­ýun­ça hü­när­men mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ta­lyp­la­ra bi­lim ber­lip baş­la­nar.
Tu­tuş­ly­gy­na bi­lim ber­me­giň iki bas­gan­çak­ly ul­ga­my­na ge­çen Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň okuw mak­sat­na­ma­sy­na şu ýyl tä­ze taý­ýar­lyk ugur­la­ry­nyň bir­ba­da 6-sy gi­ri­zil­di. Gel­jek­ki yk­dy­sat­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi taý­ýar­ly­gyň buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy, ana­liz we au­dit, ma­li­ýe, önüm­çi­li­giň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we gu­ra­ly­şy, işe­wür­lik-in­for­ma­ti­ka ugur­la­ry bo­ýun­ça ba­ka­lawr, ma­li­ýe me­nej­men­ti, işe­wür­lik-do­lan­dy­ryş ýa­ly ugur­lar­dan bol­sa ma­gistr mak­sat­na­ma­la­ry esa­syn­da ta­lyp­la­ry taý­ýar­lap baş­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­tyn­da tä­ze hü­när­le­riň bir­ba­da 8-si açyl­dy. In­di da­laş­gär­ler de­mir ýol­la­ryň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi, lo­ko­mo­tiw­ler, wa­gon­lar hü­när­le­ri bo­ýun­ça hü­när­men, goz­gal­ma­ýan em­läk­le­riň eks­per­ti­za­sy we do­lan­dy­ry­ly­şy, ýe­rüs­ti ulag-teh­no­lo­gi­ki se­riş­de­ler, san­ly inf­rast­ruk­tu­ra we ki­ber­howp­suz­lyk, ho­wa he­re­ke­ti­niň do­lan­dy­ry­ly­şy, ho­wa ula­gyn­da gat­naw­la­ry gu­ra­mak we do­lan­dyr­mak ugur­la­ry esa­syn­da bol­sa ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da öz res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp bi­ler­ler.
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti taý­ýar­ly­gyň mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­nyň me­nej­men­ti (oba ho­ja­ly­gyn­da), Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty bol­sa oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy ug­ry bo­ýun­ça ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ta­lyp­ly­ga ka­bul eder.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da ma­gistr mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­ti ug­ry gi­ri­zil­di.
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­tyn­da te­le­ke­çi­lik we ma­li­ýe ug­ru­nyň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar.
Şu okuw ýy­lyn­da açy­lan 35 hü­nä­riň ag­la­ba­sy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ulag-ara­gat­na­şyk, oba­se­na­gat, te­le­ke­çi­lik, gur­lu­şyk, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy­ýet hem-de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýa­ly gel­je­gi uly ugur­la­ry bi­len bag­ly bol­ma­gy ag­za­lan top­lum­lar­da iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Met­bu­gat mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan­dy.