19-njy iýul­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­an hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Aý­lag­da­ky arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­ne ag­za ýurt­la­ryň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­dy.

Sam­mi­tiň ge­çi­ril­ýän Jid­da şä­he­rin­dä­ki “Ritz-Carl­ton” ka­şaň myh­man­ha­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud mä­hir­li mü­bä­rek­le­ýär. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dost­luk­ly ýur­duň Hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­sy bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­ýär.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga ge­ňe­şe ag­za ýurt­la­ryň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň — Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry, şeý­le hem Aý­lag­da­ky arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň Baş sek­re­ta­ry gat­naş­dy­lar.
1981-nji ýyl­da dö­re­di­len Aý­lag­da­ky arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­ne al­ty ýurt — Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy, Ka­tar Döw­le­ti, Ku­weýt Döw­le­ti, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Oman Sol­tan­ly­gy we Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy ag­za bo­lup dur­ýar.
We­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de bi­le­lik­dä­ki res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra, sam­mit ge­çi­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne öza­ra bäh­bit­li köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ugur­la­ryň giň ge­ri­mi bo­ýun­ça ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, şu du­şu­şy­gyň ne­ti­je­li döw­le­ta­ra we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Soň­ra sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra söz be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da Iki Mu­kad­des­li­giň Hyz­mat­kä­ri, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sau­da myh­man­sö­ýer­lik we mä­hir­li ka­bul ediş­lik, şeý­le hem sam­mi­ti ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça dö­re­di­len oňaý­ly şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sau­da hem mas­la­ha­tyň üs­tün­lik­li gu­ra­lan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de dür­li se­bit­ler­de, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­ne gir­ýän döw­let­le­riň ýa­kyn kün­jek­le­rin­de çyl­şy­rym­ly hal­ka­ra sy­ýa­sy ýag­daý­lar ýü­ze çyk­ýar. Şo­nuň üçin bar bo­lan äh­lu­mu­my we­him­ler we howp­lar döw­let­le­ri­mi­ziň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­gi­ni hem-de ze­rur bo­lan çöz­güt­le­ri ka­bul et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän mas­la­ha­ty­ny dö­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Sy­ýa­sy me­se­le­ler bi­len bir ha­tar­da, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi hem örän äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag, ener­ge­ti­ka, ma­ýa go­ýum­lar we söw­da pu­dak­la­ry­ny ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de gör­kez­di. Bu ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­ziň se­bit­le­ri­mi­zi bir­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri, berk we yg­ty­bar­ly lo­gis­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­me­gi wa­jyp ha­sap­la­ýa­rys. Ulag ul­ga­myn­da ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak üçin Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň ýurt­la­ry­nyň Ulag ko­mi­te­ti­ni dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­ny do­wam edip, ener­ge­ti­ka pu­da­gy­na hem giň orun be­ril­ýän­di­gi­ni, bu ýurt­lar­da baý ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­niň we ola­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän güýç­li önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni sel­jer­mek we mas­la­hat ber­mek iş­le­ri­ni alyp bar­jak Ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş to­pa­ry­ny dö­ret­me­gi tek­lip et­di.
Şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa we Aý­lag ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, öza­ra söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mak­sat­la­ry ama­la aşyr­mak üçin Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň ýurt­la­ry­nyň Söw­da eda­ra­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. Ma­ýa go­ýum­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik­ler bar. Türk­me­nis­tan yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ile­ri tu­tul­ýan pu­dak­la­ryn­da ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe açyk­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2024-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň ýurt­la­ry­nyň Bi­rin­ji ma­ýa go­ýum fo­ru­my­ny ge­çir­mek tek­lip edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň hem uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­dan ugur alyp, Türk­me­nis­tan me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze plat­for­ma­sy­ny — Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň Me­de­ni­ýet dia­lo­gy­ny dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýär. Hä­zir­ki gün­de äh­lu­mu­my ösü­şiň gün ter­ti­bin­de du­ran mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri-de eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň Eko­lo­gi­ýa ge­ňe­şi­niň dö­re­dil­me­gi ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­gi tek­lip et­di.

Aş­ga­batda Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň Luk­man­çy­lyk kong­re­si­niň ge­çiril­me­gi teklip edildi

Luk­man­çy­lyk we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek hem der­wa­ýys we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Bu ba­bat­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ta­ra­pyn­dan wa­jyp hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­di. Bu tek­lip­le­ri iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek we luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy ba­bat­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2025-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň Luk­man­çy­lyk kong­re­si­ni ge­çir­me­gi tek­lip et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň Bi­rin­ji hal­ka­ra sport oýun­la­ry­ny ge­çir­me­giň bu ugur­da­ky il­kin­ji ädim­le­riň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le oýun­lar açyk hä­si­ýe­te eýe bol­ma­ly­dyr. Bu çä­rä­ni gu­ra­mak üçin Türk­me­nis­tan bar bo­lan äh­li döw­re­bap sport inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny hö­dür­le­mä­ge we oýun­la­ra gat­na­şy­jy­lar üçin iň amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hem-de Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň şu mö­hüm we ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ty­ny gu­ra­ýan Aý­lag hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň Baş sek­re­ta­ry je­nap Ja­sem Mo­ha­med Al Bu­dai­wä we äh­li we­kil­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za do­ly de­re­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm baş­lan­gyç­lar be­ýan edi­len çuň ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.
Aý­lag­da­ky arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­ne ag­za ýurt­la­ryň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di.

Türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry ber­ke­ýär
Şol gün iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de dost­luk­ly ýur­duň Hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­sy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­rän müm­kin­çi­li­ge ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, anyk ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ösü­şe eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sau­da hem-de Mi­ras­dü­şer Şa­za­da, Prem­ýer-mi­nistr Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sau­da sam­mi­te gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu çä­rä­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy, şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Mi­ras­dü­şer Şa­za­da, Prem­ýer-mi­nistr Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Türk­men-sa­ud hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi ba­ra­da­ky pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da ýurt­la­ry­my­zyň köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aý­la­gyň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň bin­ýa­dy­ny go­ýan şu ge­zek­ki sam­mi­tiň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren hem-de fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­mak bi­len ka­bul edi­len anyk tek­lip­le­ri bu hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hem-de Mi­ras­dü­şer Şa­za­da, Prem­ýer-mi­nistr Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge we iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.