«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde
Köp ýyllaryň dowamynda Gün şöhlesiniň täsir etmeginiň netijesinde deride bozulmalar bolup geçýär. Ýurdumyzda ýylyň dowamynda güneşli günleriň agdyklyk etmegi, ýylyň maýyl we yssy bolmagy, Gün şöhlesiniň täsiri bilen ilatyň arasynda 4-nji fototipiň duş gelýändigi bellenilýär. Şeýle adamlaryň derisi garaýagyz, gözleri we saçlary gara bolup, olaryň derisi bozulmasyz bolýar. Iň uly ähtimallyk derisi açyk reňkli adamlarda döreýär. Fotogarrylygyň alamatlary 40 ýaşdan soň ýüze çykyp başlaýar, emma degişli çäreler berjaý edilende, onuň öňüni almak mümkindir.
Zeperlenmeler köplenç adamyň ýüzünde, ýeňsesinde, elleriniň arkasynda ýüze çykyp, deriniň görnüşi, durky, reňki üýtgäp bilýär. Deri gowşak, myssaran, ýukalan, gurak, dürli tegmilli reňki üýtgän ýaly bolup görünýär.
Zeperlenmeler deride dürli görnüşli örgünleriň örmegi bilen ýüze çykýar, meselem, deriniň gyzaran ýerlerinde düwünjikleriň, iteşen görnüşinde ýa-da düwünjikli-gabarçakly görnüşinde örmegi mümkin. Bu alamatlar ýylda deriniň açyk ýerlerinde, şol bir görnüşde, Gün şöhleleriniň ýiti wagty 7-10 günüň dowamynda saklanýar. Tomus günleri yzygiderli Gün şöhlesiniň täsiriniň astynda bolnanda, deriniň Gün şöhlesine duýgurlygy peselýär, ýöne aýrylmaýar. Köp näsaglaryň keseliniň ýitileşmegi her tomus paslynda gaýtalanýar.
Deriniň Gün şöhlesiniň täsiriniň netijesinde wagtyndan ozal garramaklyga sezewar bolmagynyň öňüni almak üçin durmuşda birnäçe şertleri berjaý etmeli:
– Günüň aşagynda bolmagy çäklendirmeli;
– Günden goraýan eşikleri – uzyn ýeňli, açyk reňkli, nah matadan tikilen köýnekleri geýmeli, kellä ýaglyk daňmaly, başgap geýmeli we saýawan götermeli;
– Tomus paslynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goraýan serişdeleri (losýon, krem, emulsiýa, spreý we ş.m.) ulanmaly;
– Deriniň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly, üýtgeşmeler peýda bolanda deri lukmanyna ýüz tutmaly;
– Gün şöhlesinden goraýan serişdeleri deri lukmanynyň maslahaty boýunça ulanmaly;
– Yssy howaly ýurtlarda Gün şöhlesiniň täsirini göz öňünde tutup döreýän deri keselleriniň (fotodermatit, fotogarramaklyk, iteşen, ekzema, dowamly gijilewük, deriniň melanomasy, tegmilleriň döremegi, ýakal düşmekligi we ş.m.) öňüni almak üçin ýaz aýlaryndan, ýagny mart aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, göni düşýän Gün şöhlesinden goranmaly;
– Deriniň sagdynlygyny saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň, dogry iýmitlenmegiň ähmiýetiniň uludygyny ýatdan çykarmaly däl.
Adamyň derisiniň Gün şöhlesinden ejir çeken ýerleri garry görünýär. Sebäbi deriniň ähli bölekleri zeperlenýär we dermatokosmetologiki kömege mätäç bolýar.
Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Adamyň saglygyny we gözelligini bir görnüşe getirýän, bu ugur boýunça innowasion we öňdebaryjy usullary girizýän, ilata ýokary hilli saglygy goraýyş dermatokosmetologiki hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini öz içine alýan Estetiki merkeziniň açylmagy halkymyzyň bu ugurda bejeriş-öňüni alyş kömegini almagyna ýardam berýär we deriniň Gün şöhlesinden dörän näsazlyklaryny aradan aýyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.
Rejepgeldi Ataýew,
Aşgabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary, Aşgabat şäher Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.