Deňiz suwy aşa duzly bolmagy bilen tapawutlanýar. Deňizdäki duz ýa-da ummanlaryň duzlulygy, esasan, gury ýerdäki mineral ionlaryň suwa goşulmagy netijesinde ýüze çykýar. Mineral ionlar howa göterilip, suw buglary bilen garyşýar. Ýagşyň ýagmagy bilen dag gaýalaryna siňýär. Bugarma netijesinde ýylda birnäçe gezek gaýtalanýan hadysa wagtyň geçmegi bilen dag gaýalarynda duz gatlaklaryny emele getirýär. Dagyň depesindäki buzluklaryň eremegi netijesinde duz gatlaklary ýuwlup, çeşmedir derýa arkaly deňiz suwuna goşulýar. Ýylyň-ýylyna gaýtalanyp duran bu hadysa deňiz suwunyň aşa şor bolmagyna getirýär. Nahar bişirmekde ulanylýan natriý hlorid (nahar duzy) deňiz suwundaky ionlaryň 90 göterimini emele getirýär. Deňiz suwunda ortaça 3,5 göterim duz saklanýar. Deňiz suwunyň şor bolmagynyň ýene bir sebäbi suwasty wulkanlar we deňziň düýbündäki gidrotermal şemallardyr. Duzuň köp bolmagy suwuň dykyzlygyny ýokarlandyrýar. Şol sebäpli adamlardyr suw ulaglary deňizde aňsatlyk bilen ýüzýär.
Deňizde jandarlar nädip ýaşaýar?
Deňziň şor suwunda janly-jandarlaryň nädip ýaşaýandygy hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Eýsem, olar suw içmeýärmi? Deňiz suwy zyýanly dälmi? Bilşimiz ýaly, deňizde janly-jandarlaryň müňlerçe görnüşi ýaşaýar. Deňiz jandarlarynyň köpüsi suw içmän, derisinde duz toplap, süýji suwy sorup alýar. Bu osmoz (bedenden artykmaç erginleriň süzülip geçmegi) we diffuziýa (maddalaryň öýjükden bölünip çykmagy) hadysasy arkaly ýüze çykýar. Bu hadysalar belli bir turşulykdaky suwda bolup geçýär. Eger-de deňiz suwy aşa duzly bolsa deňiz jandarlary ýaşap bilmez. Köp balyklar derisinde duz gatlagyny saklaýar. Bu haçanda bir deňizden beýleki deňze geçende turşulyk derejesini sazlamaga kömek edýär. Süýji suwda ýaşaýan balygy deňze goýbersek ýaşap bilmez. Sebäbi bu balyklaryň bedeninde duz gatlagy ýok. Deňiz guşlarydyr pyşbagalar hem bedeninden duz bölüp çykarýar. Pyşbagalar aglamak arkaly bedeninden artykmaç duzy aýyrýarlar. Deňiz guşlary artykmaç duzy burnundan bölüp çykarýar. Şeýle hem deňiz jandarlarynyň köpüsi duzy aýyrmaga kömek edýän böwreklere eýedir.