Tymsal
Günlerde bir gün Afinynyň bazarynda bir adam Sokratyň geçip barýandygyny görüp, oňa kemsidiji sözler aýdypdyr:
– Sen, binamysyň baryp ýatany. Şerap içmekden başga oňarýan zadyň ýok.
Sokrat oňa hiç hili gaýtargy bermän, diňe ýylgyryp oňaýypdyr. Bu hadysany bir baý adam synlap duran eken. Ol geň galyp durşuna, Sokratdan:
– Sen beýle kemsidilmelere nädip çydap bilýärsiň? Bu gürrüňler saňa täsir edenokmy? – diýip sorapdyr. Sokrat oňa-da ýylgyryp seredipdir-de:
– Meniň yzyma düş! – diýipdir. Şeýlelikde, ýaňky baý Sokratyň yzyna düşüp gidipdir. Olar bir salymdan köne ammaryň gapysyndan barypdyrlar. Sokrat kesewini otlap, içeri giripdir. Ol içerden sal-sal bolan bir ýapynjany gözläp tapypdyr, getiribem şony baýa uzadypdyr:
– Me, muny egniňe atynarsyň!
Köne şylhany görüp, gahary depesine uran baý:
– Sokrat, seniň kelläň ýerindemi? Men indi şu ylhanady egnime ataryn öýdýärmiň? – diýipdir-de, ýapynjany zyňyp goýberipdir. Şonda, Sokrat oňa şeýle diýipdir:
– Gördüň dälmi? Sen şol ylhanady egniňe atasyň gelmedi. Edil şonuň ýaly, men hem hälki adamyň ýoknasyz gürrüňlerine pitiwa etjek bolup durmadym. Onuň aýdan sözleri maňa hiç hili täsir etmedi. Eger saňa halamaýan bir zadyňy sowgat berseler, senem şol sowgady kabul etmeseň, onda kabul edilmedik sowgat kimiňki bolar öýdýärsiň?! Adamlaryň sen barada bolar-bolgusyz gürrüň edýändigini eşidip, muňa gaharlanmak ýa-da gynanmak, olaryň zyňan ylhanatlaryny alyp geýen ýalydyr.