Lon­do­nyň met­ro stan­si­ýa­la­ryn­da­ky dört sa­ny K8 te­le­fon bud­ka­sy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Bu ba­ra­da “Evening Stan­dard” ga­ze­ti ha­bar ber­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, me­de­ni­ýet, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we sport mi­nistr­li­gi bu ma­wy te­le­fon bud­ka­la­ry­ny aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hem-de go­ra­ga mä­täç bo­lan des­ga­la­ryň sa­na­wy­na goş­dy.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ta­ry­hy bi­na­lar we ýa­dy­gär­lik­ler bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň we­ki­li Tom Fok­sol­lyň söz­le­ri­ne gö­rä, “XX asy­ryň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­sy­nyň teh­no­lo­gik we me­de­ni aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýan şu­lar ýa­ly bud­ka­lar ga­ty az we go­ral­ma­ga de­giş­li­dir”.
Ma­wy reňk­li K8 te­le­fon bud­ka­la­ry 1960-njy ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da bi­na­gär Brýus Mar­tin ta­ra­pyn­dan öň­kü­le­re ga­ra­nyň­da, abat­la­mak we hyz­mat et­mek has ýe­ňil bo­lar ýa­ly gör­nüş­de tas­la­nyp­dyr. 1968-nji ýyl­dan 1983-nji ýy­la çen­li Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, tak­my­nan, 11 müň sa­ny şol döw­rüň öň­de­ba­ry­jy bud­ka­sy otur­dy­lyp­dyr. 1984-nji ýyl­da, ola­ryň 50-sin­den ga­la­ny­nyň hem­me­si sö­kü­lip aý­ry­lyp, tä­ze­si bi­len çal­şyl­dy.