Finlýandiýa her ýylda daşary ýurtly 15 müň talyp çekmegi we zähmet migrasiýasynyň akymyny ýylda 30 müň adama çenli artdyrmagy maksat edinýär. Demirgazyk Ýewropa ýurdy şu onýyllygyň ahyryna çenli şeýle görkezijilere ýeter diýlip garaşylýar.
Finlýandiýa häzirki wagtda ilatyň garramagy bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklary başdan geçirýär we esasy çaklamalaryň hemmesi ýurduň zähmet bazaryna goşulyşmak isleýän ýaşlary ýurda çekmegiň zerurlygyny tassyklaýar. Daşary ýurtlulary ykdysadyýetiň köp pudaklarynda açylýan boş ýerlere çekmek üçin Finlýandiýa täze migrasiýa maksatnamasyny taýýarlaýar. Meýilnamanyň çäginde hatda dünýäniň iri we ösen ýurtlaryndan hem işçi güýjüni çekmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Finlýandiýada kiberhowpsuzlyk, emeli aň, kwant tehnologiýasy, saglygy goraýyş, biotehnologiýa we täze materiallary işläp düzmek ýaly ugurlardan işgär talap edýän ýokary tehnologiýaly kompaniýalar işleýär.