ABŞ-da ýer­leş­ýän “Hen­ley Pass­port In­dex” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­na­wyn­da Sin­ga­pu­ryň pas­por­ty 2023-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň “güýç­li” pas­por­ty hök­mün­de yk­rar edil­di. Onuň eýe­le­ri wi­za­syz 192 ýur­da ba­ryp bil­ýär­ler. Bu ba­ra­da “News.ru” web saý­ty ha­bar ber­ýär.
Sa­naw­da ikin­ji orun­da Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň we Is­pa­ni­ýa­nyň pas­port­la­ry orun al­dy. Bu ýurt­la­ryň pas­port­la­ry­nyň eýe­le­ri wi­za res­mi­leş­dir­mez­den, 190 ýur­da ba­ryp bil­ýär­ler. Üçün­ji orun­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Finl­ýan­di­ýa­nyň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň we Şwe­si­ýa­nyň pas­port­la­ry ýer­le­şip, bu döw­let­le­riň ra­ýat­la­ry 189 ýur­da ba­ryp bil­ýär­ler.
Ka­na­da­nyň “Ar­ton Capi­tal” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, iň “güýç­li” pas­port hök­mün­de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň pas­por­ty­ny yk­rar et­di.