21-nji iýulda Hindistan bilen Ýaponiýa ýarymgeçirijileri işläp düzmek boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler. Bu barada Hindistanyň elektronika we maglumat tehnologiýasy ministri Aşwini Waýşnau habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hindi tarapy we ýapon hökümeti, hem-de, senagat we ylmy toparlar maslahatlaryň birnäçe tapgyryny geçirdiler.
-Şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutosi Nisimura we biziň elektron we maglumat tehnologiýasy ministrligimiz iki ýurduň hökümetleriniň adyndan hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekmek barada karara geldik – diýip, A.Waýşnau aýtdy.
-Biz bu prosesi pudagara we hökümetara hyzmatdaşlygyň üsti bilen öňe ilerlederis – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.