23-nji iýul­da Is­pa­ni­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­lar­da Kon­ser­wa­tiw Halk par­ti­ýa­sy öň­de­li­gi eýe­le­di. Bu ba­ra­da Pa­ty­şa­ly­gyň hö­kü­me­ti ha­bar ber­di.
Öň­de­ba­ry­jy sy­ýa­sy güýç ha­sap­lan­ýan sag­çy Halk par­ti­ýa­sy 350 orun­lyk De­pu­tat­lar kong­re­sin­de (par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy) 136 or­na eýe bol­dy. On­dan soň Prem­ýer-mi­nistr Ped­ro San­çe­siň Is­pa­ni­ýa­nyň So­sia­lis­tik iş­çi­ler par­ti­ýa­sy (122 otur­gyç), sag­çy “Vox” par­ti­ýa­sy (33) we çep­çi “Su­mar” par­ti­ýa­sy (31) bar. Şeý­le­lik bi­len hö­kü­met gur­mak üçin hä­zir­lik­çe ýe­ke­je sy­ýa­sy güýç hem par­la­ment­de ab­sal­ýut köp­lü­ge eýe bo­lup bil­me­di. Bu ýag­daý saý­law­lar­dan soň Prem­ýer-mi­nist­riň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­mak üçin müm­kin bo­lan gol­daw ba­ra­da gep­le­şik­le­riň baş­lan­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Bu saý­law­lar il­ki­baş­da ýy­lyň ahy­ry­na me­ýil­leş­di­ri­lip­di, ýö­ne maý aýy­nyň ahy­ryn­da San­çes möh­le­tin­den öň ses be­riş­li­gi ge­çir­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol özü­niň bu ädi­mi­ni Is­pa­ni­ýa­nyň So­sia­lis­tik Iş­çi­ler Par­ti­ýa­sy­nyň se­bit we şä­her saý­law­la­ryn­da alan ka­na­gat­la­nar­ly ne­ti­je­le­ri bi­len bag­la­nyş­dyr­dy.
Is­pa­ni­ýa­nyň Hö­kü­met baş­ly­gy­nyň da­laş­gär­li­gi De­pu­tat­lar kong­re­si ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ýar. Par­ti­ýa da­laş­gä­ri­ni päs­gel­çi­lik­siz ma­kul­lat­mak üçin 350 orun­lyk pa­la­ta­da orun­la­ryň kö­pü­si­ne (176) eýe bol­ma­ly. Şu­nuň ýa­ly ýag­daý soň­ky ge­zek 2011-nji ýyl­da bo­lup­dy. Şeý­le­lik bi­len, Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne da­laş­gä­ri­ni tas­syk­lap bil­jek aç-açan ýe­ňi­ji bol­ma­dyk ha­la­tyn­da par­tiý­lar müm­kin bo­lan gol­daw üçin beý­le­ki sy­ýa­sy güýç­ler bi­len gep­le­şik ge­çir­ýär­ler. Şol bir wag­tyň özün­de, eme­le ge­len ýag­daý saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne esas­lan­ýan anyk li­de­riň peý­da­sy­na bol­maz­ly­gy hem müm­kin.
Is­pa­ni­ýa­nyň So­sia­lis­tik Iş­çi­ler Par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­za­nan ha­la­tyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni düz­mek üçin “Su­mar” he­re­ke­ti we beý­le­ki ki­çi sy­ýa­sy güýç­ler bi­len bi­le­leş­jek­di­gi hem ara­dan aý­ryl­ma­ýar. Halk par­ti­ýa­sy öz ge­ze­gin­de, Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gä­ri­ne gol­daw al­mak üçin “Vox” bi­len yla­la­şyk bag­laş­ma­ga sy­na­ny­şyp bi­ler. Şeý­le ýag­daý­da aşa sag­çy­lar il­kin­ji ge­zek mil­li hö­kü­met­de orun alyp bi­ler.