Alym­lar Ýer ýü­zü­niň iň köp Gün şöh­le­si düş­ýän ýe­ri­ni anyk­la­dy­lar. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky Ata­ka­ma çö­lü­niň Al­tip­la­no di­ýen ýe­ri­ne Gün şöh­le­si­niň has köp düş­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Mu­ny anyk­la­mak üçin ame­ri­kan ast­ro­nom­la­ry eme­li hem­ra­lar­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar.
Al­tip­la­no­nyň uly bö­le­gi Bo­li­wi­ýa­da ýer­leş­ýär. Şeý­le hem bu se­bi­tiň kä­bir bö­le­gi Pe­ru­da we Çi­li­de gal­ýar. Alym­lar Al­tip­la­no­nyň Çi­li­dä­ki bö­le­gin­dä­ki Çaý­nan­tor düz­lü­gin­de her ine­dör­dül met­re 2 müň 177 watt Gün ener­gi­ýa­sy­nyň düş­ýän­di­gi­ni ha­sap­lap­dyr­lar. Ast­ro­nom­lar at­mos­fe­ra­nyň iň ýo­kar­ky gat­la­gy­na her ine­dör­dül metr üçin 1 müň 360 watt­lyk ener­gi­ýa düş­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, Çaý­nan­to­ra düş­ýän şöh­lä­niň at­mos­fe­ra­nyň ýo­ka­ry gat­la­gyn­da­ky­dan hem has köp­dü­gi mä­lim edil­di.
Bu ba­ra­da ýa­zy­lan yl­my işiň aw­to­ry Ra­ul Kor­de­ro bu şöh­lä­niň tom­su­na We­ne­ra pla­ne­ta­sy­na düş­ýän ra­dia­si­ýa deň­di­gi­ni mä­lim edip­dir.
Ni­der­land­lar­da­ky Gro­nin­gen uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri We­ne­ra­nyň Ýer bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, Gü­ne 28 gö­te­rim has ýa­kyn­dy­gy­na ün­si çe­kip, Al­tip­la­no­da­ky ýag­da­ýyň yna­nar ýa­ly däl­di­gi­ni aýt­dy.
Alym­lar Çi­li­dä­ki «Lla­no de Chaj­nan­tor» ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy ar­ka­ly top­lan mag­lu­mat­la­ry bi­len bu ýer­dä­ki ra­dia­si­ýa­nyň nä­me üçin şeý­le ýo­ka­ry­dy­gy­ny hem anyk­la­dy­lar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da de­ňiz de­re­je­sin­den 5 müň metr be­ýik­lik­dä­ki bu se­bi­tiň ýo­kar­syn­da­ky ýu­ka we has be­lent­de ýer­le­şen bu­lut­la­ryň edil lu­pa ýa­ly Ýer ýü­zü­ne düş­ýän şöh­lä­niň dy­kyz­ly­gy­ny art­dyr­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Bu ýer­dä­ki ra­dia­siýa­nyň Gü­nor­ta ýa­rym şar­da to­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän aý­la­ry bo­lan ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da has ýo­ka­ry bol­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.