22-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry, şeý­le hem wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si gat­naş­dy.
Mej­li­siň gün ter­ti­bi­niň çä­gin­de 2024-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň gi­di­şi­ne se­re­dil­di.
Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­nyň bi­ri ol hem Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň hal­ka­ra mak­sat­na­ma­la­ry­na, tor­la­ry­na we ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­na go­şul­ma­gy­dyr. Hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, mej­lis­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä ýaş­lar bi­le­le­şi­gi­ne go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­le ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra bar­lag­lar ins­ti­tu­ty­na go­şul­ma­gy ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu eda­ra­nyň işi mad­dy we mad­dy däl me­de­ni mi­ras, daş­ky gur­şaw, ar­heo­lo­gi­ýa, ta­ryh, et­nog­ra­fi­ýa, ede­bi­ýat we jem­gy­ýet­çi­lik ylym­la­ry ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.
ÝU­NES­KO-nyň bi­lim ul­ga­myn­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len gat­na­şyk­la­ry güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len bu ins­ti­tu­tyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň Ýol kar­ta­sy­ny düz­mek me­se­le­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.