GAR iki ze­nan ast­ro­naw­ty­ny kos­mo­sa uçu­şy­ny gu­ra­ma­gy we ola­ry Hal­ka­ra kos­mos stan­sivasy­na iber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň (GAR) Mil­li kos­mos agent­li­gi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Hum­bu­la­ni Mu­dau ha­bar ber­di. Ol bu tek­li­bi “Ros­kos­mos”-yň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ýu­riý Bo­ri­sow bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da öňe sür­di di­ýip, TASS ha­bar ber­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ýu­riý Bo­ri­sow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şu­şy­gyn­da Rus­si­ýa­nyň or­bi­ta stan­si­ýa­sy­nyň (ROS) 2032-nji ýy­la çen­li dö­re­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di. Bo­ri­so­wyň pi­ki­ri­çe, ROS Rus­si­ýa­nyň HKS-dä­ki bö­lü­mi­ne gö­rä has ne­ti­je­li iş­lär. Şeý­le hem ROS-yň il­kin­ji eki­pa­žy­nyň iki kos­mo­nawt­dan yba­rat bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.