Amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Geçen hepde onuň reýtingi ikinji orna düşdi. Bu barada “Forbes” habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, duşenbe güni Maskyň baýlygy 4,1 milliard dollar artyp, 240,6 milliard dollara ýetdi.
Ikinji orunda barýan fransuz işewüri LVMH-niň eýesi Bernard Arnaultyň baýlygy 2,8 milliard dollar azalyp, 234,6 milliard dollara deň boldy.
Maskyň baýlygynyň ýokarlanmagy “Tesla”-nyň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.